Türkmenistan — dost-doganlyk ýurdy

21 Iýul 2021
622

Eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň çägi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan hem-de üstaşyr ulag, söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýük daşalmagynyň kadalaşdyrylmagyny üpjün edýän geografik giňişlik bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlary ulag ulgamynda-da özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Merkezi Aziýa, Hazar sebitiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol syýasy ugur bolsa, oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Biziň ýurdumyz bu ugurda yzygiderli ädimleri ätmek bilen, sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşandyny goşýar.

«Esger».