Içege keselleriniň öňüni almak barada maslahatlar

28 Iýul 2021
1546

Howanyň gyzmagy bilen içege keselleri ýaýrap başlaýar. Sebäbi yssyda mikroblaryň köpelmegi we adam bedenine aralaşmagy üçin oňaýly şertler döreýär. Tomusda gök önümler bişýär, miweler ýetişýär. Çagalar olary agaçlaryň şahasyndan ýa-da bakjadan ýolup alyp, iýmegi halaýarlar. Şonda olar önümiň ýuwulmandygy, öz elleriniň bolsa hapadygy barada pikir etmeýärler. Bu ýagdaý içege ýokanç keselleriniň biri bolan içgeçmäniň ýüze çykmagyna itergi berýär. Lukmançylykda başgaça «hapa elleriň keseli» diýlip atlandyrylýan bu keseliň döremegine, şeýle hem hajathana barlandan soň, nahardan öň we soň, ýa-da köçeden öýe gelnende elleriň sabynlanyp ýuwulmazlygy, bişmedik miweleridir gök önümleriň iýilmegi ýa-da çig önüm iýlenden soň, dessine suw içilmegi, zaýalanan naharlaryň ýa-da hapa ýaplaryň suwunyň ulanylmagy, gap-gaçlaryň hapa saklanylmagy, keseli dörediji bakteriýalary köpçülikleýin ýaýradýan siňekleri ýok etmäge gönükdirilen çäreleriň ýerine ýetirilmezligi, umuman, arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmezligi sebäp bolýar.

Içgeçme çagalarda agyr geçýär. Näsag çaga ynjalykdan gaçyp, aglaýar, işdäsi peselýär, ukusy bozulýar, bedeniniň temperaturasy ýokarlanýar. Soňabaka ol gaýtaryp başlaýar, içi geçýär. Uly täreti ýygylaşýar, suwuk bolup, ýaşyl reňke öwrülýär. Täretinde iriň, käte gan görünýär. Ganly içgeçmede (dizenteriýa) täret tüýkülik görnüşinde bolup, onuň mukdary azalýar, nemli ýa-da nem gatyşykly bolýar. Haýal-ýagallyk bilen lukmançylyk kömegi berilmedik halatlarynda çaganyň ýagdaýy agyrlaşýar. Gusmagy we häli-şindi içiniň geçmegi netijesinde, onuň bedeninde suwuklyk, kaliý, natriý ýaly meneral duzlar azalýar. Suwsuzlanma alamaty açyk-aýdyň ýüze çykýar. Çaga ysgyndan gaçýar, teşnelik bilen suw içýär. Derisi we görünýän nemli bardalary guraýar, gözleri çökýär, gözýaşy azalýar. Bu alamatlar has hem bir ýaşa ýetmedik çagalarda agyr geçýär, şonuň üçin olarda bedeniň agramy mese-mälim peselýär.

Maýagül Garajaýewa,
Aşgabat şäheriniň 16-njy Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.