Watanyň başlanýan ýerinden Gökderä

28 Iýul 2021
596

Ýurdumyzda ýaş nesiller baradaky alada birjik-de ünsden düşürilenok. Munuň şeýledigine diňe bir uly ýaşdaky adamlar däl, çagalaryň hut özleri-de aýdyň göz ýetirýärler. Olaryň çagalygyň şat we sapaly çagyny şadyýanlykda geçirmekleri üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan zerur bolan mümkinçilikleriň ählisi döredilýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümlerini ýatda galyjy, täsirli geçirmekleri üçin hem uly aladalar edilýär. Tomus paslynyň gelmegi bilen gojaman Köpetdagyň Gökdere jülgesindäki çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezleri-de bagtyýar nesillerimize gujagyny giňden açýar. Bu günler onuň goýnunda ýurdumyzyň çar künjünden dynç almaga gelen bagtyýar çagalaryň gülki sesleri çasly akýan çeşme-çaýlaryň hem dürli guşlaryň saýraşýan sesleri bilen garyşyp, ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän ildeşlerimiziň körpeje balalary bilen bir hatarda, Watanymyzyň dost-doganlyk serhedinde gulluk edýän merdana serhetçilerimiziň çagalary-da dynç alýarlar. Biz olaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, körpejeleriň ýürek arzuwlaryny okyjylara ýetirmegi müwessa bildik:

— Golaýda kakam işden geldi-de bizi Gökderä dynç almaga ugratjakdygy baradaky hoş habary buşlady. Biz muňa diýseň begendik. Geçen ýyl «Altyn Ýyldyz» sagaldyş we dynç alyş merkezine maşgalamyzdan bir men gidipdim. Bu ýyl ejemdir kakam maňa jigim Altynaýy hem ýoldaş etdiler. «Altyn Ýyldyz» dynç alyş merkezi bize okan we eşiden ertekilerimizi ýatladýar. Bu ýerde dynç almak diýseň hezil. Biz jigim bilen öwrenen aýdymdyr goşgularymyzy aýdyp berip, geçirilen bäsleşiklerde ýeňiş gazanyp, bize seredýän terbiýeçilerimize «Bular-a tüýs serhetçiniň çagalary ekeni!» diýdirdik. Şu pursatda bizi bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaşadýan hormatly Arkadagymyza sagbolsunlarymy aýdýaryn!

Söhbetdeş bolan Myratgeldi HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň borçnama boýunça harby gullukçysy, starşina.