Esger jigime hat

25 Awgust 2021
812

Salam, jigim! Ýagdaýlaryň gowumy?! Seniň çagyryş boýunça harby gulluga gideniňe ylaýyk bir ýyl dolýar. Gideniňe öwrenişerçe wagt bolan ýalydyr welin, entegem seni göresim gelýär. Diňe meniň däl, ejem, kakam, enem, hatda beýleki uýalaryňam şeýle. Öýde seniň adyň agzalmaýan güni ýok. Her gün seni ýatlaýarys. Ýogsa-da, biz seni nädip ýatlamaly?! Sen biziň iň ezizimiz, körpämiz, ýeke dikrarymyz ahyry! Sen maşgalada ýekeje ogul perzent bolsaňam, hiç haçan läliksirejek bolmandyň. Özüň körpe bolsaňam, gaýta biziň aladamyzy ederdiň. Orta mekdebi tamamlap, uýam ikimiz ýokary okuw mekdebinde okaýarkak dagy, sen biziň dynç alşa gelerimize gün sanap garaşardyň. Bize sowgat hökmünde delje zatlardan alyp goýardyň. Aslynda, sen beýle hamraklygy diňe maşgalamyzdaky ynsanlar üçin däl, eýsem, tutuş obamyzyň adamlary üçinem ederdiň. Uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşmegi başarardyň. Ýadymda, ýaňy üç-dört ýaşly çagakaňam, öýe gelýän myhmanlary hemmämizden öň sen garşylardyň, olary ugradanymyzda-da ýanymyzda bolardyň. Sebäbi sen myhmansöýerdiň, öýe biri gelse, juda begenerdiň. Ulalanyňdan soň hem, kim nähili ýumuş buýursa, göz-gaşyňy çytman ýerine ýetirerdiň, käteler bolsa: «Şol adam örän kösenýär-dä. Men şoňa kömek edip geleýin» diýip giderdiň-de, kömege mätäç kişiniň alkyşyny alyp gelerdiň. Seni bütin obamyz söýýär, jigim! Adyňy buýsanç, guwanç bilen tutýarlar. Seniň kalbyň ak gar ýaly päk, arassa welin, kimdir biri üstünlik gazansa dagy, sen oňa öz üstünligiň ýaly begenip bilýäň, ýa-da biri bilen bir şowsuzlyk ýüze çyksa, oňa özünden artyk gynanyp bilýäň. Şonuň üçinem seni hemmeler küýseýär...

Ýadyňa düşýärmi, iki-üç ýyl mundan öň, ikimiz şetdaly nahallaryny oturdypdyk. Olar bu ýyl eýýäm azda-kände miwe berýärler. Indiki ýyl seniň geleriňe miwesini bol eçiljek. Mallaryňam sany köpeldi. Wiý, ýogsa-da, seniň ýüregiňe ünji bolup duran mähribanlaryň ýagdaýyny aýtmagy unudaýypdyryn. Arkaýyn bol, kakamam, ejemem gowy. Olar seniň alan sylaglaryňa örän begenýärler, guwanýarlar. Eneme bolsa: «Agtygyňyz sag-aman gulluk edip ýör. Oňa harby at hem dakypdyrlar, medalam beripdirler» diýsegem, seni alada edýär, her gün seni soraýar. Dogrymy aýtsam, saňa hemmämizden beter garaşýan, seni hemmämizden hem beter göresi gelýän enemdir, belki?! Ol biziň okuwdan öýe — dynç alşa gelmeli günümizi sanaýşy ýaly, seniňem öýe geleriňe galan wagty hasaplaýar. Ýöne beý diýsem, alada galma, enemiň ýagdaýam gowy.

Aýgözel GARLYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby.