Bagtyýarlyk döwrüniň şanly gadamlary

25 Awgust 2021
604

Ýüreklere bossan, dillere dessan bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her güni şatlykly wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Şu hepdäniň duşenbe güni, ýagny 23-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri «Galkynyş» gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolup, oňa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly orun degişlidir. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy esasynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär. Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek onuň esasyny düzýär. Şunda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär.

«Esger».