Wagyz-nesihat duşuşygy

25 Awgust 2021
626

Golaýda podpolkownik Arslan Abdullaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa çagyryş boýunça harby gullukçylara hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, ata-babalarymyzdan miras galan bu mukaddes topragymyzy gorap saklamak barada öwüt-nesihat berdi. Şeýle-de Watany gözleriniň göreji ýaly gorap saklamak, mukaddes kasama wepaly bolmak baradaky çykyşlar Watan goragçylarynda uly täsir galdyrdy.

Sona ESENMÄMMEDOWA,
uly leýtenant.

Gülälek TAGANOWA,
kapitan.