Nusgalyk mekdep

18 Awgust 2021
661

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni bize ajaýyp üstünlikleri bagyş edýär. Ynha, şu ýylyň 1-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.

Ähli babatda bize nusgalyk görelde bolýan milli Liderimiziň täze harby uçarda uçuşy ýerine ýetirmegi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň bu ugurdaky nusgalyk göreldesiniň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň howa giňişliginde kesgitlenen ugur boýunça ýerine ýetiren uçuşynyň dowamynda birnäçe çylşyrymly öwrümleri amala aşyrmagy bolsa, şöhratly ata-babalarymyza mahsus gaýduwsyzlygyň belent mekdebine öwrüldi, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesillerimiz, şol sanda Watan goragçylary, aýratyn hem harby uçarmanlar üçin ýene bir ýola nusgalyk görelde boldy.

Kamar SAPAROW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.