Fiziki maşklar — sagdyn durmuş ýörelgesi

11 Awgust 2021
873

Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetde iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Munuň üçin, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny doly ýerine ýetirmek, ýaş nesli bu ugra gönükdirmek zerurdyr. Kämil bedenli, ruhubelent bolmak üçin bolsa, fiziki işjeňlik zerurdyr.

Fiziki maşklar adam saglygynyň gözbaşy hasaplanylýar. Maşklar sazlaşykly ýagdaýda ýerine ýetirilende, adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligini artdyrýar, ruhuny belende galdyrýar. Gündelik maşklaryň peýdasy barada lukmançylyk ylmynda meşhurlyk gazanan alym Abu Aly ibn Sina: «Beden taplaýjy maşklar erkin hereketler bolup, ol yzygiderli çuňňur dem alşy emele getirýär» diýip belläpdir.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.