Ezber esgerleriň ussatlyklary

18 Awgust 2021
672

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Arslan Abdullaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde meýdan okuw-türgenleşigi geçirildi. Bu okuw-türgenleşiginde kapitan Şöhrat Derýaýewiň serkerdelik edýän rotasynyň harby gullukçylary hereket edýän awtomobil abatlaýyş ussahanalar toplumyny ýaýbaňlandyrmak, meýdan şertlerinde abatlaýyş işini gurnamak, hatardan çykan tehnikalary bellenen ýerlere eltmek, akkumulýator batareýalarda bejeriş işlerini geçirmek ýaly amaly sapaklary özleşdirdiler. Meýdan sapaklary çagyryş boýunça harby gullukçylaryň öz harby hünärlerine bolan söýgülerini has-da artdyrdy. Bu geçirilen okuw-türgenleşiginiň netijeleri boýunça, kiçi seržantlar Gadam Mämmedow, Azat Mämmedesenow, esger Nurmuhammet Maretdinow we Gurbanmyrat Öwezliýew dagy has-da tapawutlanmagy başardylar. Bu harby gullukçylar harby bölümiň serkerdesi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Sona Esenmämmedowa,
uly leýtenant.

Bahtiýar ŞAMYRADOW,
podpolkownik.