Müň derdiň dermany

18 Awgust 2021
699

Ynsan ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak we bejermek adamzadyň asyrlarboýy öňünde goýan iň belent maksadydyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerinden peýdalanmagyň ugurlaryny salgy bermek bilen, keselleri bejermekde, olaryň öňüni almakda bar bolan mümkinçilikleri açyp görkezýär. Kitapda milli däp-dessurlarymyz bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan üzärligiň bejerijilik häsiýetiniň bardygy hem-de onuň adam saglygy üçin ähmiýetlidigi aýratyn bellenilýär.

Rejepsähet ORAZSÄHEDOW,
«Arçman» şypahanasynyň lukmany.