Ajaýyp gymmatlygyň sözdäki teswiri

18 Awgust 2021
713

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň 2020-nji ýylynyň güýzi türkmen halkymyzyň taryhynda aýratyn orun alan seneleriň biridir. Hawa, şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramyna mynasyp toý sowgady bolan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby şol ýylyň güýzünde okyjylar köpçüligine ýetirilipdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän bu kitap milletimiziň asylly däpleriniň we özboluşlylygynyň, umumadamzat gymmatlyklarynyň sözdäki teswiri bolup durýar. Bu eserde ata-babalarymyzyň dilinde ýaşap, biziň günlerimize sünnälenip ýeten tymsaldyr rowaýatlar arkaly watansöýüjilik, halal zähmet çekmek ýaly ýörelgeler ündelýär. Halkymyz süňňi mukaddeslige ýugrulan eserleriň gymmatyna has-da oňat düşünýär. Şeýle eserleri gözüniň göreji ýaly gorap, olara guwanyp, nesilden-nesle geçirýär. Şeýlelikde, nesillerde asylly sypatlaryň kemala gelmegi baradaky aladalar watansöýüjilik, mertlik, rehimdarlyk, agzybirlik, dostluk, zähmetsöýerlik, şükranalyk ýoluny dowam etmegiň derwaýyslygy bilen halkymyzyň aňyna ornaýar.

«Asmandan–arkaly, Zeminde – zynatly», «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk — abatlyk», «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk — asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» ýaly bölümleri özünde jemleýän bu eser diňe bir türkmen halkymyz tarapyndan sarpalanýan pähimler hazynasy bolman, eýsem, dünýäniň beýleki halklary üçin hem höwes bildirilip okalýan esere öwrüldi. Kitabyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem, okyjyny gadymyýetiň jümmüşine aralaşdyrýan wakalaryň we maglumatlaryň häzirki bagtyýar zamanamyz bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegidir.

Gurbanmyrat KAKAJIKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň müdiri, polisiýanyň maýory.