Sebit ýurtlaryny jemlän Awaza, gujagyň beslendi ajap owaza

11 Awgust 2021
554

Ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň köpüsi gözel Türkmenistanyň soňky döwürde gazanýan üstünliklerine, ösüşlerine haýran galmak bilen, ajaýyp duýgulary ýaran edinip, öz mekanlaryna dolanýarlar. Hatda olaryň birnäçesi Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimiziň dünýä nusgalyk, güýçli depginde, kuwwatly ädimler bilen öňe barýandygynyň, geljegi şeýle derejede gaýym gurmagyň ýol çelgisini öwrenmäge hem isleg bildirýärler. Ol ýolgörkeziji parahatçylyk, ylalaşyklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly düşünjelere daýanyp, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda dünýädäki at-abraýyny has-da belende göterýän döwletimiziň mizemez bitewüligini binýat edýär.

Dünýä jemgyýetçiliginiň taryhyny dowamly baýlaşdyrmak, onuň sahypalaryna zerewşan harplar bilen şan-şöhratly her pursadymyzy ýazmak halkymyzyň asylly däbine öwrüldi. Ynha, 6-njy awgustda gojaman Hazaryň kenaryny bezäp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen 6 sany möhüm halkara çäre hem bu aýdanlarymyzyň hakykat ýüzünde ýene bir ýola aýdyň şöhlelenmesi boldy.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».