Medeniýet halkyň kalbydyr

18 Awgust 2021
1261

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gülleýän, gül açýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy halkymyza ak ertirlere uzaýan nurana ýollaryň menzillerini ýeňişli ýyllara besläp, bagt eçildi. Bagtyýarlyk döwrümizde asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alan ýol-ýörelgelerimiziň, milli däp-dessurlarymyzyň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň täzeden dikeldilmegine, olary dünýä ýaýmagymyza giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyz medeniýet ulgamyny halkyň kalbyna, köňül küýsegine deňemek bilen, onuň many taýdan giňligini, mazmun taýdan çuňlugyny anyk düşündirýär. Çünki medeniýet halklary birleşdirýän, olary dost-dogan edýän synmaz köpri bolmak bilen, heňňamlaryň hekaýaty bolup, şirwan perdelerde waspy ýetirilýär.

Biziň Watanymyz müňýyllyklaryň dowamynda milli medeniýetimizi taryhyň sahypalaryna möhürlän wakalaryň mesgeni bolmak bilen, ylmyň, medeniýetiň, sungatyň gülläp ösen ýeri hasaplanýar. Şonuň üçin dünýä medeniýetine goşant goşan Türkmenistanyň ady gadymy we oturymly mekan hökmünde taryhyň sahypalarynda giňden orun alýar. Bu barada ençeme taryhy şahsyýetler, syýahatçylar uly buýsanç bilen öz işlerinde beýan edýärler.

Dädemyrat KOÝTYÝEW,
maýor.