Hünär kämilleşdiriş okuwy tamamlandy

14 Iýul 2021
940

Ýurdumyz özüniň bagtyýar geljegini ylymly, bilimli nesillere baglamak bilen, eziz Diýarymyzda dürli ulgamlar boýunça ýokary derejeli bilimli hem öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamakda uly özgertmeli işleri alyp barýar. Şeýle işler diňe bir bellenilen ugurlarda alnyp barylman, eýsem, asudalygyň üpjün edilmegi babatynda hem uly ähmiýete eýedir. Hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýokary bilimli harby hünärmenleri, şol sanda dost-doganlyk serhedimiziň goragynda gulluk alyp barjak serhetçi serkerdeleri ýetişdirmek, olaryň harby gullugy geçýän döwründe hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça hem işler utgaşykly alnyp barylýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Serhet institutynda serhet galasynyň serkerdesiniň wezipesine taýýarlaýyş ugry boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny tamamlan serkerdelere ýörite şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Serhet galasynyň serkerdesi wezipesine belleniljek serkerdeler bellenen möhletde Döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmäge gönükdirilen ugurlaryň ählisi boýunça okap, hünär derejelerini kämilleşdirdiler. Olar bilen tassyklanan meýilnama hem-de reje esasynda tejribeli serkerdeler tarapyndan amaly hem-de görkezme usulynda okuw sapaklary geçirildi. Serkerdelerden okuw möwsüminiň ahyrynda synaglar kabul edildi we olar hünär kämilleşdiriş okuwlaryny üstünlikli geçendiklerini synaglaryň barşynda subut etdiler. Olara hünär taýýarlygyny talabalaýyk derejede geçendigini subut edýän şahadatnamalary gowşurylyş dabarasynda okuwy tamamlan serkerdeler ýürek buýsançlaryny ajaýyp çykyşlaryň üsti bilen beýan edip, geljekde täze wezipelerinde ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Kamar SAPAROW,
kapitan.