Nakgaşçylyk sungatynda zenan edermenligi

14 Iýul 2021
977

Zenanyň watançylyk duýgusynyň kämilligi onuň dünýäsiniň özboluşly duýgusyny, garaýyşlaryny synlanyňda, öý-ojak aladasyny göz öňünde tutanyňda hem aýdyň görünýär. Olarda ene mähribanlygy bilen birlikde öz ýakynlaryna ýiti hamraklyk bar. Häzirki döwürde hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biziň ýurdumyzda zenanlarymyzyň ruhy-ahlak, paýhas we zähmet mümkinçiliklerine ýokary baha berilýär.

Taryhdan bilşimiz ýaly, türkmen zenanlary diňe bir hojalyk işleri bilen meşgullanman, eýsem, duşman gelse, oňa berk gaýtawul berip, öz ojagyny goramagy hem başarypdyrlar. Öz çagasyny ýelden, suwdan apalaýan eneleriň öz topragyny goramaly ýerinde hem berk durandygy barada ençeme rowaýatlar, taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Hut öz topragyny mähriban çagasy dek berk goramagy başaran eneleriň hormaty «Ata — Watan, ene — toprak» diýen gymmatly jümlede jemlenendir.

Döwletmyrat DURDYÝEW,
Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, sungaty öwreniji.