Gyz joşguny

21 Iýul 2021
813

Ýörün ýat gözlerden bakyşyň gözläp,
Ýa sen duýaňokmy ýürek urşumy?!
Bagtly günleň gelerine garaşýan,
Ýa-da yşk ajysy diýilýän şumy?!

Gyzlyk haýam böwet bolýar ýoluma,
Ýeller bilen uçjak bolsam sen sary.
Eý, säherde dogan çogly Güneşim,
Hem nura gark bolan ullakan panym.

Aknur ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.