Toýlar toýlara ulaşýar, aýdymlar belentden joşýar

14 Iýul 2021
785

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň şanyna Jeýhun bilen bahry-Hazar arasynda tutulýan baýramçylyk dabaralary göwünleri joşa getirýär. 14-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasy we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýy açylyp ulanylmaga berildi hem-de Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy milli Liderimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň ykraryna we goldawyna eýe bolýan netijeli başlangyçlary sebit we ählumumy derejede abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak ugrunda ýurdumyzyň örän uly ulag-üstaşyr kuwwatyny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän, ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan ugurdaş multimodal düzümler döredilýär. Şeýle hem raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar hem-de täzeleri gurulýar.

Ýörite habarçymyz.