Tämizlik, sagdyn iýmitlenmek eşretli ýaşaýşyň gözbaşydyr

21 Iýul 2021
632

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde dünýäde emele gelen epidemiologik ýagdaýlar zerarly adamyň jan saglygy üçin howply ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, iri möçberli toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda maşgala lukmanlary we şepagat uýalary özleriniň hyzmat edýän çäklerinde, edara-kärhanalarda, mekdep okuwçylarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, sagdyn iýmitlenmegiň saglyga peýdaly tarapy barada giňişleýin wagyz-nesihat işlerini geçirýärler hem-de degerli maslahatlar berip, gürrüňdeş bolýarlar. Şonuň netijesinde-de, keselleriň öňüni almakda ilat arasynda her bir raýatyň aňynda sagdyn düşünje kemala geldi.

Islendik keseliň öňüni almak üçin oňa ünssüz garamak, özbaşdak bejergi almak, ony aýak üstünde geçirmek bolmaýar. Beýle ýagdaýda adamyň saglygyna uly zyýan ýetýär hem-de keseliň daş-töwerekdäki adamlara ýokuşmagyna şert döreýär. Eger-de öňden gipertoniýa, süýjüli diabet, ýürek-damar ýa-da başga-da dowamly keselleri bar bolan adamlara möwsümleýin kesel ýokuşsa, olarda gaýra üzülmeler ýüze çykýar. Şonuň üçin hökmany suratda öňüni alyş sanjymlaryny kabul edip, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwup durmaly. Köpçülik ýerlerine barlanda agyz-burun örtügini geýip, kesellerden goranmaly. Otaglary tämizläp, ýuwup, gapylaryň tutawaçlaryny zyýansyzlandyryjy erginler bilen ölläp süpürmeli we howpsuz 2 metr araçägi saklamalydyr.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.