«Mukaddes borç»

14 Iýul 2021
631

Golaýda şeýle at bilen Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýylyň ýaz möwsüminde harby gulluga çagyrylan çagyryş boýunça harby gullukçylar bilen Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Erkin Kösäýewiň, TDP-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap komitetiniň bölüm müdiri Wepa Berdiýewiň hem-de başga-da birnäçe myhmanlar bilen birlikde serhetçi serkerdeleriň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Watan ezizligi, onuň goragynyň mukaddesligi barada täsirli gürrüň berdiler. Şeýle-de çäräniň dowamynda döwletimiziň asuda serhetlerinde berk durup, hormatly Prezidentimize, eziz Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmegiň belent borçdugy anyk delilleriň, watansöýüjilige ýugrulan rowaýatlaryň üsti bilen düşündirildi. Duşuşygyň ahyrynda serhetçileriň durmuşyndan taýýarlanan birnäçe gyzykly wideoşekiller hem görkezildi.

Allamyrat NURYÝEW,
uly leýtenant.