Çagalyk dostuma hat

21 Iýul 2021
851

Çagalyk dostum! Şu wagt nämüçindir çagalyk dünýäme dolanasym, ondaky ýatlamalary seniň bilen ýatlap, bile paýlaşasym geldi. Ýaňy mekdebe gatnap, bilim dünýäsine ilki gadam basan döwürlerimiz ýadyňdamy? Elbetde, ýadyňdadyr. Sebäbi ol günler biziň çagalygymyzyň iň bir süýji pursatlary ahyry!

Men ol wagtlar ýaňy gulpagy örüme ýeten gyzjagaz bolsam, sen kiçijik oglanjykdyň. Bile oýnardyk, bileje mekdebe gatnardyk, hatda öý işlerimizem agzybirje, bilelikde ýerine ýetirerdik. Haýsymyz ýumuşlary ilkinji ýerine ýetirsek, özümizi iň bäşlikçi okuwçy saýardyk. Iň esasy zat bolsa, birek-biregi goldanymyzda biziň çaga göwnümiz şeýle bir şatlanardy welin, mugallymymyz bize mylaýym nazar bilen serederdi.

Bilbil ÖWEZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arap dili hünäriniň talyby.