Aýdyň maksatlar, guwandyryjy netijeler, nusgalyk ösüşler

14 Iýul 2021
575

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her güni bizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna ýakynlaşdyrýar. Şu ýylyň 9-njy iýulynda bolsa hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şanly ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de amala aşyrylan işlere baha berildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy. Mejlisiň barşynda milli Liderimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri kesgitledi.

Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýarym ýylda dünýä ykdysadyýetini ösdürmekde döwletimiziň ornuny berkitmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri depginli alnyp barylýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, daşary syýasatymyz hem üýtgewsiz dowam edýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda hem, ozalkysy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy hem-de beýleki halkara guramalar bilen energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar.

«Esger».