«Döwlet guşy» romanynda Watana bolan päk söýginiň beýany

21 Iýul 2021
844

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmençilik ýol-ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda edep-terbiýe äheňindäki garaýyşlar bilen dürdäne eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halky edep-terbiýäni hemişe ulyny sylamakdan, ony sarpalamakdan başlapdyr. «Döwlet guşy» romanynda hem özüňden ulyny sylamagyň, ony mertebelemegiň edep dessuryny baş gahrymanyň — on bir ýaşly Mälikgulynyň hereketlerinde görmek bolýar. Eserde Mälikguly kakasy Berdimuhamet agany tüýs ýüreginden sylap, oňa hormat goýup, kakasynyň aýdan her bir sözüni üns berip diňläp we şol öwüt-ündewi berk tutmaga we ony berjaý etmäge çalyşýar. Ata pendini durmuşda amala aşyryp, şol pende hem eýerip ýaşan Mälikguly uruş döwrüniň kynçylyklaryny mertlik bilen ýeňip geçipdir. Ata pendine durmuş tejribesiniň synagyndan üstünlikli geçen pähim-parasadyna eýerip, agyr uruş ýyllarynda oba adamlary bilen bir jan, bir ten bolup ýaşan ýaşajyk Mälikgulynyň obada hormaty uly bolup, ol uly adamlar ýaly sylaga eýe bolupdyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» atly romany halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Sebäbi eziz Arkadagymyzyň bu romanynda ynamyň adamyň durmuşynda esasy güýçdügi, söýginiň güýjüniň Watana, ata-enä bolan söýgüden gözbaş alýandygy, ynamyň we söýginiň ruhy dünýämize ganat berýändigi sazlaşykly görkezilýär. Eserde Gahryman Arkadagymyz mähriban kyblasy Mälikguly aganyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna gabat gelen çagalygyny, onuň urşa giden kakasynyň yzynda maşgalanyň ykbalyny boýnuna alşyny, oba adamlaryna kömek edişini inçelik bilen beýan edipdir.

Nurýagdy SOÝEKOW,
kapitan.