Şowsuzlyk — şowlulyga eltýän ýol

21 Iýul 2021
743

Üstünlik köp ýollary söküp geçmekden başlanýar. Emma kähalatlarda durmuşda şowsuzlyklara-da gabat gelmek bolýar. Meselem, men işde hem, şahsy durmuşymda hem köp şowsuzlyklara duçar boldum. Öňler näme üçin şeýle bolýar diýip haýran galardym. Ýöne indi düşünip ugradym. Şowsuzlyk — uly üstünlikleriň esasy ýol görkezijisi hasaplanylýar. Şowsuzlyk — üstünligiň ganaty, ruhudyr. Şowsuzlyk — her birimiziň taplanmagymyz üçin tejribeler toplumydyr. Ol — dogry ýolundan sowlan we egrelen maksatlarymyzy düzedýän güýç, üstünlik üçin düýp esas we özendir. Dewid Kelli: «Näçe tiz ýalňyşsaňyz — şonça-da tiz üstünlige ýetersiňiz» diýip, örän dogry belleýär. Siz öz öýüňizde asuda oturyp, üstünlik gazanyp bilmersiňiz. Kim töwekgelçilik etmese, üstünlik gazanmaýar. Siz öz arzuwlaryňyzyň yzyndan ylgap, näçe köp töwekgelçilik etseňiz, şonça-da köp şowsuzlyga uçrarsyňyz. Şowsuzlyklaryň beren sapaklary bolsa sizi üstünlige ýetirer.

Adamlaryň käbiri durmuşynyň manysyz geçýändiginden bihabar. Olar ýigrimi ýyl şol bir ýoldan ýöräp, şol bir gürrüňi, şol bir pikirleniş endigi bilen ýaşap bilýärler. Men olary tankytlamakçy däl. Ýöne az hereket edip, az netije gazanylýar. Eýnşteýn: «Diňe şol bir hereketi gaýtalap, her dürli netijä garaşmak akylsyzlyk» diýip baha berýär.

Maýsa ATAÝEWA,
uly leýtenant.