«Altyn ýyldyz» — altyn nesilleriň dynç alyş merkezi

7 Iýul 2021
783

Şahandaz illi Watanymyzyň her bir güni goşa toý, goşa baýram. Älemi haýrana galdyryp tutulýan türkmen toýlarynyň islendik bir görnüşi: ha bäbek toýy, ha durmuş toýy, ha-da ak goýun toýy bolsun parhy ýok, ählisinde-de «Sallançagyňyzyň bady ýatmasyn!», «Çagajyklaryňyzyň şadyýan gülki sesleri belentden-belent ýaňlansyn!», «Nesil dowamatyňyz örňesin!» diýen ýaly ýaş nesillere bolan söýginiň näderejede ýokarydygyny görkezýän süýjüden-süýji arzuwlar edilýär. Şeýle arzuwlary diňlän pursadyň şol arzuwlaryň wysaly netijesinde bady ýatmaýan sallançaklarda balalaryny:

Epilýänçä bil, balam,
Bir dilegim, bil, balam,
Maňa köp zat gerek däl,
Köpüň ogly bol, balam —

Söhbetdeş bolan Sülgün BAZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».