Ýiti respirator keselleriň öňüni almak üçin maslahatlar

7 Iýul 2021
902

Eýsem, ýiti respirator keseli näme? Näsagyň 38-390С çenli gyzdyrmagy, aýratyn hem bu alamatyň ysgynsyzlyk, gowşaklyk, burun dykylma, üsgülewük, kelläniň, bogunlaryň, myşsalaryň agyrmagy ýaly alamatlar bilen ýiti respirator wirus ýokançlary, şeýle hem burun akma, burun-bokurdagyň guramagy, sesiň gyrylmagy, üsgülewük ýaly kataral alamatlary ýüze çykýar. Bulardan başga-da, bokurdagyň, gözleriň, ýüzüň gyzarmagy, çişmegi mümkin. Kellede, bogunlarda, myşsalarda güýçli agyrynyň döremegi, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, üsgülewük ýaly alamatlar peýda bolanda, ilkinji nobatda, lukmana ýüz tutmaly. Bu kesel howa-damja ýoly bilen hem-de durmuş gatnaşyklary arkaly ýokuşyp, köpçüligiň arasynda örän çalt ýaýraýar.

Irden saçlary ýuwup, oňat guramanka daşary çykmak ýa-da şemalyň gabadynda oturmak, buz ýaly sowuk suw içmek, sowadyjyda duran iýmit önümini ýylatman iýmek ýaly hereketleri käbir adamlarda bedeniň aşa köp sowamagyna hem-de käte bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagyna getirip bilýär. Olar şeýle ýagdaýlarda sowuklama ýa-da başga bir ýiti respirator wirusly keseline duçar bolýarlar. Lukman bilen maslahatlaşman, derman kabul edýärler. Islendik ýagdaýda-da derman serişdelerini özbaşdak ulanmakdan ätiýaçly bolmaly. Sebäbi haýsydyr bir derman näsaglaryň birine kömek etse, beýleki birine ýaramaz täsir edip bilýär. Şoňa görä-de, derman serişdelerini ulanmaga zerurlyk ýüze çykanda, diňe lukman tarapyndan talap edilýän barlaglaryň esasynda hem-de näsagyň indiwidual ýagdaýy göz öňünde tutulyp bellenen serişdeleri ulanmaly. Şeýle hem bal we limon ajaýyp serişde bolup durýar. 1 çaý çemçe bal we ýarty limon atylan gaýnag suw içilende, bedeniň temperaturasy 1-2 gradusa çenli peselýär.

Arzygül Hudaýberdiýewa,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy işgäri.