Watan — mertlik mekdebi

7 Iýul 2021
652

Özerkliligini ähli zatdan üstün goýan ata-babalarymyzyň bize miras galdyran mukaddeslikleriniň biri-de, Watan öňündäki harby gulluk borjumyzdyr. Ähli döwürlerde-de Watan ynsanyň iň zerur, iň gymmatly baýlygy bolmagynda galýar. Şonuň üçinem «Gözümiziň göreji — Watan», «Ata Watan, ene toprak» diýip, öz dogduk ülkämizi başa täç etmek asyrlaryň jümmüşinden parran geçip, taryhyň gatlaryndan şu günümize gelip ýeten mukaddes düşünjelerdir. Hormatly Prezidentimiziň 1-nji iýulda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi hem şol mukaddes düşünjä eýerip, watanperwerlik duýgusyna ýugrulan, ençeme ýyldan bäri dowam edip gelýän adyl syýasatymyzyň öz beýanyny tapýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Öz halkynyň taryhyna bolan gyzyklanma, raýatlyk we harby borjuny hem-de kanuny borçlaryny ýerine ýetirmäge ymtylyş, medeni-ahlak gymmatlyklara hormat goýmak, milli mirasy sarpalamak, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak höwesi ýaşlarda Watana bolan söýgini, geljege bolan ynamy has-da ýokarlandyrýar. Şonuň esasynda bolsa Watan gülleýär, Watanyň ertirki kuwwaty has-da berkeýär.

Agajan BAÝAKOW,
polkownik.