Ak bugdaýymyz — döwlet baýlygymyz

7 Iýul 2021
890

Irki asyrlardan başlap, tä şu günlere çenli dowam etdirilip gelinýän ata-babalarymyzyň asylly daýhançylyk däpleriniň iň naýbaşylarynyň biri-de galla ýetişdirmek. Hut şoňa görä-de, eziz Diýarymyz Türkmenistan däne önümini — bugdaýy ýetişdirmegiň iň gadymy mekany hasaplanylýar. Pederlerimiziň döwründen şu günlere çenli dowam edip gelýän bu daýhançylyk ussatlygy häzirki wagtda zamanamyzyň giň mümkinçilikleri netijesinde has-da kämilleşdirilýär. Bereketli saçagymyzyň mukaddes nygmaty — türkmen çöregi ähli öýleriň töründe giňden ýazylan desterhanlary bezeýär.

Gadymy medeniýetleriň biri diýlip ykrar edilen Änew medeniýetiniň öwrenilmegi üçin Türkmenistana 1904-nji ýylda amerikan alymy Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda birnäçe alymlardan ybarat bolan ýörite topar gelýär. Alymlar häzirki Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Änewiň gadymy depelerinde çig kerpiçleriň galyndylarynyň arasyndan bugdaý hasylynyň däne gabyklaryny we gylçyklaryny tapyp, bu ýerde ýaşan adamlaryň däneli ekinleri ösdürip ýetişdirendiklerini subut edýärler. Alymlaryň irginsiz zähmeti netijesinde täze medeniýetiň — Änew medeniýetiniň, şeýle-de, bu ýerde ak bugdaýyň giňden ekilendiginiň üsti açylýar. Şeýlelikde, şol wakadan 100 ýyl soňra, ýagny 2004-nji ýylda Aşgabatda «Türkmenistan Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň Watanydyr» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bularyň ählisi-de Diýarymyzyň ak bugdaýyň Watanydygyny buýsanç bilen aýtmagymyza esas döretdi.

«Esger».