Hukuk düşünjeleri artdyryldy

7 Iýul 2021
590

Golaýda podpolkownik Şyhmyrat Öräýewiň serkerdelik edýän harby bölümine degişli bolan podpolkownik Orazgeldi Kulhanowyň serkerdelik edýän batalýonynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Ahmet Nazarowyň ýolbaşçylygynda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda «Konstitusiýa — biziň Esasy Kanunymyz» atly terbiýeçilik agşamy geçirildi. Bu çäre etrabyň merkezi kitaphanasynyň binýadynda guraldy. Çärede çagyryş boýunça harby gullukçylardan — kiçi seržantlar Taýly Togalakow, Resul Oraznepesow, esgerler Allaberdi Möwlamow, Adylbek Öwezniýazow dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Şeýle-de bu ýerde guralan kitap sergisi harby gullukçylarda uly täsir galdyrdy. Çärä gatnaşan harby gullukçylar ýurt asudalygy üçin bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Guwanç BERDIÝEW,
kapitan.

Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.