Sag­ly­gym — baş baý­ly­gym

14 Iýul 2021
829

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen biziň döwletimizde her bir ynsanyň kadaly durmuşda ýaşamagy, onuň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ornaşdyrmak hem saglygy goraýyş ulgamyndaky döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölekleriniň biri bolup durýar.

Ynsan saglygy. Bu düşünjäniň aňyrsynda dünýäniň ähli baýlygynyň, adamzat ösüşiniň düýp özeninde durýan hereketlendiriji güýjüň jemlenýändigi, megerem, hemmelere mälim hakykatdyr. Çünki dünýäde saglyk deýin gymmatly we ähmiýetli hiç zat ýokdur. Dogry iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak we zyýanly endiklerden daşda durmak, adama ruhy we beden taýdan sagdyn we juwan bolmaga ýardam edýär. Häzirki zaman şertlerinde ynsanyň sagdyn ruhly hem-de durmuş taýdan durnukly ösmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler jemgyýetde sagdyn şahsyýetiň kemala gelmeginiň, onuň döwrebap ösmeginiň ilkinji derejeli ätiýaçnamasy bolup durýar. Şeýle işleriň netijeli durmuşa geçirilmegi bolsa, taryhy ýörelgelerimizi özünde jemleýän milli lukmançylygyň, şol sanda halk lukmançylygynyň, sagdyn nesilleri kemala getirmegiň halkara hukuk kadalarynyň we dünýäniň oňyn tejribesiniň sazlaşykly özleşdirilmegi arkaly mümkindir.

Şöhrat AGAÝEW,
«Arçman» şypahanasynyň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary.