Parahatçylyk — bagtyýarlygyň binýady

7 Iýul 2021
664

Taryhyň zerewşan sahypalaryna nazar aýlap, halkymyzyň geçen ýollaryna ser salsak, ata-babalarymyzyň islendik ýagdaýda hem parahatçylyk ýoly bilen ylalaşyga gelendiklerine göz ýetirmek bolýar. Şeýle asylly ýörelgeler ata-babalarymyzdan miras galyp, dünýäde ösüş arkaly parahatçylygy ýola goýmak babatda ägirt uly hyzmatlary bitiren hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem öz gymmatyny, oňaýly täsirini ýitirmän gelýär. Bu aýdanlarymyza Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkyna taryhyň özi öwretdi. Bize özümizi bitewi halk hökmünde gorap saklamaga, milli döwleti we özygtyýarlylygymyzy, özboluşlylygymyzy, mertebämizi we özbaşdak ösüşe bolan hukugymyzy gorap saklamaga mümkinçilik beren syýasy ugruň saýlanyp alynmagyny hem taryh öňden kesgitländir» diýen parasatly sözler aýdyň şaýatlyk edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň, 2020-nji ýylyň dekabrynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde Bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi, sebit we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň dabaralanmasyna öwrüljek nurana geljegimiziň ak patasy boldy. Şeýle Kararnamalaryň birnäçesiniň kabul edilip, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň çäklerinde «Bitaraplygyň dostlary» toparynyň döredilmegi netijesinde sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi has-da belende göterildi.

Akmyrat JUMAÝEW,
Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi.