Okamak barada

14 Iýul 2021
785

Kitap — altyn gapyly ajaýyp dünýäniň açary. Kitapda bolup geçýän wakalaryň hyýaly gahrymanlar bilen janlanýandygyna seretmezden, okamak endigi her bir okyjyda adamkärçiligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär. Entek harplary doly tanamaýan döwründen başlap çaganyň okamaga bolan höwesini oýarmak, onuň özüni kämilleşdirmegi babatynda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Sebäbi näme üçinjikleriň adasyndaky çaganyň: «Men nähili adam bolmaly?», «Bu durmuşyň manysy nämede?», «Pikirlerim, gyzyklanmalarym, arzuwlarym meni nirä alyp barýar?» diýen ýaly sowallarynyň ählisiniň çözgüdi okan kitaplaryndan tapylýar. Çaganyň hyýalyndaky gahrymanlaryň gowy gylyk-häsiýetleri oňa durmuş ýodasynda duş gelen kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edýär. Akyl zähmeti bilen meşgullanýan çaga, kitap okamaýan çagalara garanyňda özüni has jogapkärçilikli we çynlakaý alyp barýar.

Harplar, sözler, abzaslar, tekstler we kitaplar suw ýaly ähli ýerlere ýaýraýarlar. Biziň durmuşda görmek we düşünmek isleýän zatlarymyz şol göze görünmeýän akym bilen gelip düşýär. Gowy kitaplar hoş habarlar ýaly, örän zerurdyr. Hut şonuň üçin hem, ömürleriň kitaplar bilen badaşmagy derwaýysdyr.

Taýýarlan Amangeldi BERDIÝEW,
TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyby.