Yssy howadan ägä boluň!

14 Iýul 2021
742

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda).

Gün urma, adatça, gün şöhleleriniň ýalaňaç kellä gös-göni täsiri netijesinde duýdansyz ýüze çykýar. Gün urmasynyň öňüni almak üçin gün şöhleleriniň dik düşýän wagtynda başgapsyz gezmeli däl. Ýylylyk urmasy umumy aşa gyzma netijesinde ýuwaş-ýuwaşdan ýüze çykýar. Bedeniň aşa gyzmagy kellagyry, gowşaklyk, endamyň gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Eger synany sowatmak boýunça çäreler geçirilmese (salkyn, şemally ýere geçirilip, suw berilmese), ejir çekeniň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy dowam edýär we ýylylyk urmasy ýüze çykýar.

Ýalkap Gylyjow,
lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi.