Yssy howadan ägä boluň!

7 Iýul 2021
763

Yssy howada daşky gurşawyň ýokary gyzgynlygynyň täsiri harby gullugy alyp barmakda çäklendirme döredýän esasy delilleriň biri bolup durýar. Daşky gurşawyň gyzmagy bilen uýgunlaşmadyk synada ýylylyk çalyşma (termoregulýasiýa) hadysasynyň bozulmagy netijesinde dürli agyrlyk derejesinde Gün we ýylylyk urma ýagdaýy döreýär. Şeýle patologik ýagdaý dünýäniň yssy klimatly ýurtlarynyň adamlarynyň arasynda ýygy duş gelýär.

Gün we ýylylyk zeperlenmesiniň anyklanylyşy, etiopatogenetiki bejergisiniň usullaryny işläp düzmek we kämilleşdirmek şu günki güne çenli wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Gün we ýylylyk urmasy yssy howa şertlerinde bedene ýeterlik derejede suwuň ýetmezçiligi netijesinde döreýär. Yssy howada teşnelik derejesi bedende ýitirilen suwuň öwezini dolmak üçin zerur bolan suwuklygyň mukdaryna gönümel bagly bolmaýar. Adam yssy howa şertlerinde fiziki zähmet çekýän wagtynda derlemek arkaly ýitiren suwunyň bary-ýogy ýarysyny içýär. Yssy howanyň täsirinde açyk meýdan şertlerinde we daglyk, çöllük ýerlerde ýokary fiziki işjeňlik ýagdaýynda çenden aşa derlemek, şeýle hem beýik ýerlere çykylanynda dem alşyň ýygylaşmagy bilen beden suwuklygynyň köp mukdary ýitirilýär. Adam bedeniniň dürli ýerlerinde 1,5 million töweregi der mäzleri bolup, olar umumy suw-duz çalşygyna gatnaşýar. Bölünip çykan deriň esasy bölegi (90 göterimi) suwdan ybarat bolup, 1 göterimi organiki we organiki däl birleşmeleriň paýyna düşýär. Olaryň arasynda natriý hloridi esasy orny eýeleýär.

Ýalkap Gylyjow,
lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi.