Buýsan, türkmen, öz Garaşsyz ýurduňa!

14 Iýul 2021
703

Türkmen!
Seniň aslyň ataş-nardandyr,
Tuguň kimin belent tutgun seriňi!
Synalaryň süňkden, etden bolsa-da,
Hamyrmaýaň namysdandyr, ardandyr.
Bilip goý, başyna ne iş gonsa-da,
Ata-babaň gysan däldir egnini!

Şu Watan,
               şu toprak,
                               şu mesgen üçin,
Ähti-peýmanyny gaýtalap pert-pert.
Ganymynyň okun ýurda düşürmän,
Polat gursagynda saklandyr mertler!

Maksat SEÝITLIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.