Dostluk, hyzmatdaşlyk ýollary bilen

7 Iýul 2021
697

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Watanymyz — dünýädäki ähli baýlygymyz, barlygymyz, guwanjymyz, buýsanjymyz, baky aýdymymyz. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz sebitiň we yklymyň döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň mizemez köprülerini gurýar. Şol maksat bilen hormatly Prezidentimiz 6-njy iýulda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda Garabogaz aýlagyny Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsiniň ýagdaýy hem-de aýlagyň şahasy bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara täze köprini gurmak we oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.

«Esger».