Döredijilik duşuşygy

7 Iýul 2021
1446

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Medeniýet öýünde harby talyplar bilen medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik duşuşygy geçirildi. Turuwbaşdan uly ruhubelentlilige beslenen bu medeni çärede «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Akmyrat Hojanyýazow, «Bereketli toprak» gazetiniň uly habarçysy, şahyr Altyn Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama

teatrynyň sahna ussady Döwran Hojageldiýew, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Kakajan Tüýliýew, şeýle-de harby ýokary okuw mekdebimiziň şu ýylky uçurymy, leýtenant Öwezgeldi Gylyçtaganow dagy täsirli çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda medeniýet we sungat ussatlaryna goýulýan sarpa, türkmen şygryýetiniň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň edebi mirasynyň häzirki wagtda ylmy esasda öwrenilişi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Serdar MÄMMETDURDYÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy.