"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Watan» gazetiniň elektron we kagyz görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. Gazetiň çap görnüşiniň alty aýlygynyň bahasy 15 manat 30 teňňe.

Dillerde dessan sen, Aşgabat!

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan her bir işiň aňyrsynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky beýik maksatlar ýatyr. Munuň şeýledigini paýtagtymyzdaky birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy, durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalaryň beýanynda görmek bolýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň özboluşly mermer keşbi Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň binagärlik ukybynyň, döredijilik zehininiň miwesidir. Aşgabat ak mermere beslenen binalaryň iň köp ýerleşýän şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmekde gurluşyk taslama maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini üns merkezinde saklap, gurluşygy alnyp barylýan desgalara aýratyn üns bilen çemeleşýär. Şäherimiziň nurana keşbi ajaýyp sungat eseri ýaly ýüreklere ýakymly duýgulary bagyşlaýar.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Aşgabada saparynyň iki ýurduň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy berkitmekdäki ähmiýetine ünsi çekdi.

Halkara maslahat geçirildi

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar we türgenler gatnaşdy. Maslahata gatnaşanlar bu ýerde Diýarymyzyň sport üstünliklerine, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Gurmak, döretmek — abadançylygyň güwäsi

Giň gerimli gurluşyklar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan işleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmeginiň netijesinde eziz Diýarymyzda gurulýan önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň aglaba böleginiň ýerli gurluşyk serişdelerini peýdalanmak arkaly milli kärhanalar tarapyndan gurulýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Şol binadyr desgalarda abadan ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, önümçilik kärhanalarynyň sazlaşykly işlemegini gazanmak üçin ulanylýan elektrik energiýasynyň dolulygyna ýurdumyzda öndürilýändigi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Özygtyýarly ösüş ýoly bilen geçilen döwürde ýurdumyzda gurluşyk we senagat toplumyny innowasiýa taýdan özgertmek, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirildi. Bu günki gün gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy, görnüşleriniň köpeldilmegi, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy toplumy mundan beýläk-de ösdürmekde derwaýys wezipelerdir. Häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde hem binagärlik toplumlary, döwrebap edara binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman enjamlary we tehnikal

Döwlet binýadynyň mizemezligi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni Watanymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmak üçin jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri çagyryldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Onda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşde ýeten belent sepgitleri barada gürrüň edildi, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda durmuşa geçirilen işler barada giňişleýin durup geçdi.

Möhüm wezipelere garaldy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan pul-karz syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp hereketlendiriji maliýe guraly bolup çykyş edýär. Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna giren senede — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manady dolanyşyga girizildi. Şu ýyl milli pul birliginiň dolanyşyga girizilenine 31 ýyl dolýar. Bu sene mynasybetli düýn — 1-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan «Türkmen manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Şahyryň şygyrlaryndaky syrlylyk

Şahyryň şygyrlarynda syrlylygy bilen öňe çykýan temalaryň biri-de onuň goşgularyndaky dünýewi söýgi meselesidir. Magtymgulynyň ýaşlykda halan gyzy Meňli hakyndaky garaýyşlaryny kesgitlemek, ony bir ulgama salmak, alymlaryň pikirlerini umumylaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Bu babatda alymlarymyz tarapyndan birnäçe işleriň alnyp barlandygyna garamazdan, gynansak-da, entek doly bir pikire gelnip bilinmeýär. Biz şahyryň, ilki bilen, öz terjimehal şygyrlaryna, dürli rowaýatlara, şol döwrüň ýagdaýyna ser salanymyzda, täzeçe garaýyşlaryň, täzeçe pikirleriň üstünden barýarys. Bu babatda, ilki bilen, şahyryň öz eserlerine ýüzleneliň. Magtymgulynyň döredijiliginde Meňli barada, ýeňňesi Akgyz barada 30-a golaý goşgynyň bardygyny bellemek bolar. Olardan «Aýryldym», «Uýat eýleýir», «Meňli han», «Bagrym dilenim», «Jana geldiň», «Joşa ýetdim», «Ýalydyr», «Her ýana», «Bu dahana», «Nowruzdan seni», «Bu gün» we başga-da birnäçe şygyrlaryny agzamak bolar. Hut Meňli hakynda ýazylan setirleriň mysalynda biz Magtymgulyny dünýewileşdirip bilýäris. Bu babatda Magtymgulynyň döredijiligi bilen bagly alnyp barlan işlere ýüzlenip geçeliň. Magtymguly Pyragy hakynda Baýmuhammet Garryýewiň işlerinde berilýän maglumatlara ser salsak, onda şeýle bellenilýär: «Magtymgula ilki başda Akgyz atly ýeňňesi dakylyp, ondan iki ogul önýär. Ol iki ogluň biriniň ady Sary (Sarybaý, molla Bäbek) bolup, ikinjisiniň ady hem Y

Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

Murgap etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Murgap etrap birleşmesiniň we etrabyň medeniýet merkeziniň guramagynda «Watan» daýhan birleşiginiň pagta meýdanynda günorta arakesme wagtynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Pagta — biziň baýlygymyz» atly dabara geçirildi. Onda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary girdejili pudaklaryň birine öwürmek, oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň daýhanlara döredip berýän mümkinçilikleri, hemaýat-goldawlary, oba hojalygyny ösdürmek babatda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri dogrusynda giňişleýin aýdyldy.

Kitaplar — giň dünýäniň gapysy

Taryhyň ähli döwürlerinde halkymyz kitaba aýratyn sarpa goýupdyr. Türkmenler tarapyndan gurlan kitaphanalar öz döwründe dünýä alymlary üçin arzyly mekan bolupdyr. Halkymyz iň uly baýlygyň ylym-bilim ummanynyň düýbünde gizlenen pähim-paýhas dürlerinden ybaratdygyna, kitaplarda jemlenen parasadyň ynsana asyrlarboýy hyzmat etjekdigine ynanypdyr. Paýlaşdygyňça köpelýän hazynadan paýyňy kitaplaryň sahypalaryndan susup almalydygy ähli döwürler üçin üýtgewsiz hakykatdyr. Kitap okamak diňe bir uly adamlar üçin däl, eýsem, çagalar üçinem örän möhümdir. Kiçilikden kitap okamagy endik edinmek adama örän köp peýda getirýär. Bilermenleriň bellemegine görä, çagalar üçin niýetlenen edebiýatda duş gelýän seýrek ulanylýan sözleriň möçberi uly adamlaryň gündelik gepleşikde peýdalanýan jümlelerinden 50 göterim köpdür. Şonuň üçinem çagalara kiçiliginden kitap okap bermek olaryň söz baýlygynyň artmagyna uly goşant goşýar. Şeýle hem çagalaryň köp sözleri gepleşik arkaly däl-de, hut kitaplardaky ertekileriň ýa-da multfilmleriň üsti bilen öwrenýändiklerini bellemek gerek.

Sagdynlygyň, parahatçylygyň, dostlugyň baýdagy

Saglygy iň uly baýlyga deňeýän halkymyz ähli döwürlerde beden hem ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge uly ähmiýet beripdir. Berkarar Watanymyzda bu wezipe tutuş jemgyýet we döwlet derejesinde berjaý edilýär. Çünki her bir adamyň saglygy jemgyýetiň sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň kuwwatynyň esasy şertleriniň biridir. Şeýle asylly ýörelgeden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda giň gerimli işleri ýola goýdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şeýle asylly ýörelge mynasyp dowam etdirilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi raýatlaryň saglygyny berkitmegiň we jemgyýeti jebisleşdirmegiň möhüm serişdesi bolsa, ýokary netijeli sport ýurduň halkara abraýyny beýgeltmegiň, ýaşlara nusgalyk şahsyýetleri ýüze çykarmagyň guralydyr. Eziz Diýarymyzda bedenterbiýe we sport sazlaşykly ösdürilýär. Ýurdumyzyň taryhyndaky iň iri halkara ýaryş bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin niýetlenen döwrebap sport desgalarynyň gurluşyklarynyň ýaýbaňlandyrylanyna, şeýle hem «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygar astynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyňdyr professor mugallymlarynyň arasyndaky Uniwersiadalaryň, mekdep okuwçylarynyň we dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň gatnaşmagynda Spartakiadalaryň guralyp başlanyna,

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Watan» gazetiniň elektron we kagyz görnüşine abuna ýazylyşyk möwsüminiň başlanandygyny habar berýäris. Gazetiň çap görnüşiniň alty aýlygynyň bahasy 15 manat 30 teňňe.

Iş maslahaty geçirildi

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňledi

Hünär bäsleşiginiň jemi jemlendi

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň mekezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň guramagynda dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleri bilen bilelikde yglan eden «Öz käriniň ussady» atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bäsleşige atlary agzalan agentliklerde zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdy. Emin agzalary tarapyndan şolaryň  8-si ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijilere Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Dabaraly maslahat geçirildi

Arkadag şäherinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher  mugallymçylyk  orta hünär okuw mekdebinde Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli  «Gurulýan döwlet bagtyýar döwürdir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynyň işgärleri, talyp ýaşlar we myhmanlar gatnaşdylar. Maslahatda gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary bilen kemala gelen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurluşyk aýratynlyklary barada  gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň toplumyň işgärlerine aýratyn üns berýändigi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, binagärler Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Ýaşaýşyň sakasy saglyk

Ýaňy-ýakynda TKA-nyň Tagtabazar etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň hassahanasynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХVI jildi bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Işjeň ýagdaýda geçen dabara etrabyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, lukmanlar we şepagat uýalary we etrap häkimliginiň jogäpkär işgärleri gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler ozaly bilen beden we ruhy taýdan ösüşiň gözbaşynda saglygyň durandygyny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur mana ýugrulan «Saglygyň gadryn bilgil, hassa bolmazdan burun» diýen pähiminden ugur almalydygyny, galyberse-de, hassany bejereniňden keseliň öňüni almagyň amatly bolýandygyny tekrarladylar. Işjeň geçen maslahatda alym hem lukman Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitaplaryndan yerlikli peýdalanylýandygy, dermanlyk ösümlikleriniň köpüsiniň Pendi ýaýlasynda ösýändigi buýsanç bilen nygtaldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

Edermenligiň hem wepadarlygyň nusgasy

Diýarymyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenip geçildi Halkymyzyň durmuşynda ähli döwürlerde uly orun eýeläp, milli buýsanjymyza öwrülen türkmen alabaýlarynyň sarpasy bu günki gün belent tutulýar. Munuň şeýledigini 27-nji oktýabrda ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramy hem ýene bir gezek tassyklady. Baýramçylygyň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar we beýleki medeni çäreler geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň ylham joşguny — parahatçylygyň şahyrana waspnamasy

Eziz Watanymyza çäksiz söýgi, berkarar döwletimize we bagtyýar zamanamyza beýik buýsanç, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hormat, gülläp ösüşiň hatyrasyna beýik işleri bitirmäge joşgunly hyjuw halkymyzy belent maksadyň daşyna jemleýär we jebisleşdirýär. Geljegine ynamly garaýan hem-de ony parahat, abadan durmuşda döredijilikli, tutanýerli zähmeti bilen gurýan halkymyzyň ruhy belent, ýoly aýdyň. Täze taryhy eýýamda belent maksatly halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkyň ruhy taýdan has-da galkynmagyny üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga, goňşy ýurtlar, dünýä döwletleri, abraýly iri halkara we sebit guramalary, olaryň düzümleri bilen dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýokary derejede alyp barmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýar. Şonuň netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyny zer harplar bilen ýazylan altyn sahypa bolup bezeýär.

Okgunly ösüşiň nyşany

Milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilikli özgertmeler döwrüniň ýyl ýazgysyna şanly seneleriň biri hökmünde ýazyldy. Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýolunda milli manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi. Bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, milli ykdysadyýetimiz okgunly ösdürilýär. Bu bolsa halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýeri gelende, milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan oňaýly şertleri döredendigini bellemek gerek. Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi nazarlaýan özgertmeleriň üstünlikli alnyp barylmagy bilen, jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi boýunça Türkmenistanyň girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda orun almagy ýurdumyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.