"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Yhlasy myrada gowuşýan miweçiler

Müň­ler­çe gek­tar tarp ýer­le­ri öz­leş­di­rip, gök-bak­ja ekin­le­ri­ni­dir mi­we­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän hu­su­sy­ýet­çi­ler ýur­du­myz­da ýo­ka­ry hil­li we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa azyk önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­by­nyň çä­gin­de dag ete­gin­dä­ki aň­ry­sy­na-bä­ri­si­ne göz ýet­me­ýän meý­dan­da ekilen ba­dam agaç­la­ry­nyň ha­tar­la­ry­ny syn­la­nyň­da hem bu ha­ky­kat se­ri­ňe dol­ýar. Mi­we­li bag­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de baý tej­ri­be top­lan «Mi­we» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri bir­nä­çe ýyl bä­ri bu ýer­de ba­dam agaç­la­ry bi­len bir­lik­de, al­ma, ar­myt, hur­ma ýa­ly yn­san sag­ly­gy üçin peý­da­ly mi­we­le­riň bol ha­sy­ly­ny ýyg­na­ýar­lar. Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ter hem-de dat­ly ta­gam­ly mi­we­le­riň gö­zü­ňi gu­wan­dyr­ýan ha­sy­ly öz işin­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de döw­le­ti­mi­ziň gol­da­wy bi­len sa­tyn al­nan döw­re­bap teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ýan oba ho­ja­lyk­çy­la­ryň yh­la­sy­nyň my­ra­dy­na go­wuş­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. «Mi­we» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne uzak möh­let­le­ýin esas­da bö­lü­nip ber­len ýer­ler­de mi­we­le­ri we gök önüm­le­ri ýe­tiş­dir­ýän «Hem­sa­ýa», «Gök bu­lut», «Mi­we­li atyz», «Dat­ly mi­we» ho­ja­

Dostluk köprüsi

Düýn — 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy, halklaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmakda ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň, festiwallaryň, sergileriň, konsertleriň hem beýleki medeni çäreleriň ähmiýeti uludyr. Halkymyzyň baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny, medeniýetde we sungatda gazanýan üstünliklerini dünýäde wagyz etmekde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde guralýan çärelere möhüm orun degişlidir.

Kap dagynyň Sumrug guşy

Her bir halkyň hakydasynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetler bolýar. Eýse, şahsyýet kim? Sözlükde bu sowala: «Şahsyýet — haýsydyr bir alamaty, sypaty bilen tapawutlanan şahs» diýen jümle bilen jogap berilýär. Ýöne göwnüme bolmasa, şahsyýet sözüniň manysy ýokarky düşündirişden has giň hem çuňňur ýaly. Türkmen halkynyň taryhynda uly orun alan beýik şahsyýetler sanardan kän. Şol şahsyýetlerden biri hem Abu Yshak Ybraýym ibn Edhem ibn Mansur Balhydyr. Häzirki wagtda ony ilat arasynda Ybraýym Edhem diýip tanaýarlar. Ybraýym Edhem VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alymlaryň biridir. Ybraýym Edhemiň ömri baradaky maglumatlar, esasan, rowaýatlara daýanýar. Aýtmaklaryna görä, ol Balh şäherinde doglupdyr. Akyldaryň kakasy Edhem bin Mansur Saka diýlip tanalýan eken. Saka «suwçy, suw daşaýan adam, suwkeş» diýmekdir. «Ybraýym Edhem» atly dessanda Ybraýym Edhemiň ejesiniň Balh hökümdary Mälik şanyň gyzy Melike Huban bolandygy aýdylýar. Beýleki edebiýatlarda Ybraýym Edhemiň ejesiniň adynyň Gülbün soltan bolandygy baradaky maglumatlara hem duş gelinýär. Akyldaryň ejesi soltanyň ýeke perzendi eken.

Watanymyzyň geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere çuňňur bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmäge çalyşýarlar. Döwletimiziň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde, ykdysady kuwwatyny berkitmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, türkmen ýaşlarynyň erk-isleginiň goragynda durýan, öz maksatlaryny erkin amala aşyrýan, umuman, döwlet bähbitlerini ileri tutýan, Watanyň hyzmatyna berlen wepaly ýaşlaryň guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy uly işleri amala aşyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz ata-babalarymyzyň ündän ynsanperwer ýörelgelerini mynasyp dowam etdiriji merdana nesillerimizden — sizden beýik işlere garaşýarys. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň we adamzadyň bagtyýarlygynyň, dünýä parahatçylygynyň bähbidine hyzmat etmek siziň üçin uly mertebe bolmalydyr» diýen çuň manyly sözleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işi bilen aýrylmaz baglydyr. Ýaşlar — döwletimiziň daýanjy. Ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli dabaralandyrylýar.

Türkmen-gyrgyz gatnaşyklary: söz ussadyna belent sarpa

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň esasynda, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli hem özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklar barha ösýär. Soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ugurda hem özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesi gazanylýar. Iki ýurtda hem festiwallary we Medeniýet günlerini guramagy işjeňleşdirmäge, döredijilik, ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary ýola goýmaga uly üns berilýär. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Belli bolşy ýaly, dana Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmekde we wagyz etmekde Gyrgyzystanyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň aýratyn hyzmaty bardyr. Ol: «Magtymguly Pyragy — bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar» diýmek bilen, söz ussadynyň döredijiligine ýokary baha berýär. Çingiz Aýtmatowyň dana Pyraga belent sarpasy we ony wagyz etmekdäki ýadawsyz tagallalary bilen 1983-nji ýylda beýik şahyryň şygyrlaryndan düzülen «Türkmen binasy» atly kitap gyrgyz dilinde neşir edildi.

Habar

(Hekaýa) Nahardan soň, orta çaý geldi.

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Watan» gazetiniň elektron we kagyz görnüşine abuna ýazylyşyk möwsüminiň başlanandygyny habar berýäris.

Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

24-nji oktýabrda Kazan şäherinde iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Tatarystanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp, XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy

24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezinde daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň plenar mejlisine gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki ÇYKYŞY

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary,Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistan — BMG: gatnaşyklar ösdürilýär

Kazan şäherinde geçen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy umumy maksatlary we häzirki döwrüň wezipelerini nazara almak bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ikiçäk duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Magtymgulyny beýgeltmek milleti beýgeltmekdir

Bir günüň dowamynda okaýan, eşidýän, diňleýän we diýýän sözlerimiziň mukdary näçeräkdir öýdýärsiňiz? Her kimiň düşünjesine, pikir ýöredişine hem-de zähmet we ýaşaýyş gurşawyna görä tapawut etjek bu ýagdaýlarda ortaça hasaby çykarmagam ýeňil düşmese gerek. Muňa garamazdan, ýüzlerçe, belki, müňlerçe sözleriň arasyndan belli-belli jümleler ençeme günler oý-pikirlerimiziň törüni eýeleýär durýar. Megerem, daş-töweregimizde bolýan wakalaryň, gyzykly pursatlaryň şol sözler bilen berk baglanyşygy ýa-da bir meňzeşligi bar bolmaly. Ýa-da kähalatda bir sözüň ýa-da sözlemiň aňyňda dynuwsyz gaýtalanyp durmagy, hut şoňa kybap ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz boljaklygyň buşlugyna hem ýorulýar. Şeýle pikirlenmeler ýöne ýerden döremedi. Paýtagtymyzda geçirilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň» möhüm taryhy-syýasy wakasyna öwrülen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy ― parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum «dabarasy daglar aşan, çawy yklymlara düşen» diýilýän derejä doly mynasyp boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen bu foruma dünýä ýurtlarynyň 24-sinden myhman gelip, oňa 9 ýurduň döwlet Baştutany derejesindäki wekiliýetler, iri halkara guramalarynyň 8-siniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Forumyň guramaçylyk aýratynlygyny, geçirilişini, ähmiýetini ýaýmak üçin daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200

Nebitgaz pudagyndaky uly mümkinçilikler

Ýokary derejedäki halkara forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülen paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda 23 — 25-nji oktýabr aralygynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde dürli dillerde özara pikir alyşýan işewürleriň söhbetleri ýurdumyzyň nebitgaz toplumyndaky mümkinçilikleriniň dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini tassyklasa, sergi diwarlyklarynyň özboluşlylygy pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga ymtylyşy görkezdi. Hökümet agzalarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz senagatyndaky öňdebaryjy kompaniýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigi bellenildi.

Wepadarlygyň we gaýduwsyzlygyň nusgasy

■ Käteler obada zenan maşgalalar, oglan-uşaklar galýarlar. Şonda syrgyndan çete çykyp, gelip-geçene ünsli nazar salyp oturan alabaýy bolan oba del aýak sekmeýär. Oba geljek bolsaň, her syrgynda edil ýörite goýlan gözegçi ýaly, aýlanyşyp ýören alabaýlardan rüstem bolmaly. Olar niýetiňi aýak basyşyňdan, gözüňden bilýärler. Sähel müňkürlik dörese, obanyň beýleki itlerine hem habar berýärler. ■ Bir obada şeýle bir owadan gyz bolanmyş diýýärler. Ol gyza halys ýürekden aşyk bolan bir gumly ýigit nädip derdini gyza ýetirjegini bilmän köp kösenipdir. Yşk derdinden ýaňa halys egbarlan ýigit aşyk gyzynyň iň bolmanda jemalyny görmek umydy bilen öz ýetişdiren Akguş atly alabaýyny şol obanyň adamlaryna sowgat bermek kararyna gelýär. Ýigidiň hyýalyndan bihabar oba kethudalary bolsa, oýlanyp-ölçerip, sowgat edilen bu alabaýy mynasyp maşgala hökmünde ýaňky gyzyň ýaşaýan hojalygyna bermeli edýärler. Gökdäki dilegi ýerde gowşan ýigit wagtal-wagtal öz ýetişdiren alabaýynyň halyndan habar almaga baryp, magşugyny görmegiň hem ebeteýini tapypdyr.

Alabaý

Andreý NOWIKOW, Russiýa Federasiýasynyň Ýazyjylar birleşiginiň Lipesk oblast jemgyýetiniň başlygy. Sähranyň aňzak şemalyDoňdurjak dagyň daşyny.Çopanyň mert alabaýyArtdyrýar göwün hoşuny.

Hormatly okyjylar!

2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Watan» gazetiniň elektron we kagyz görnüşine abuna ýazylyşyk möwsüminiň başlanandygyny habar berýäris. Gazetiň çap görnüşiniň alty aýlygynyň bahasy 15 manat 30 teňňe. Gazetiň belgisi-69476.

Iş maslahaty geçirildi

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hasabatlar diňlenildi

Türkmen alabaýy — milli baýlyk

23-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýy — halkymyzyň milli gymmatlygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlary, aspirantlary, talyplary we myhmanlar gatnaşdy. Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alymlary, mugallymlary, talyplary «Türkmen alabaýy ynsan bilen tebigatyň sazlaşygynyň nusgasydyr», «Milli itşynaslyk sungatymyzyň ösüşleri», «Türkmen halk döredijiliginde alabaýyň keşbi» ýaly mowzuklar boýunça çykyş etdiler.

Aşgabatda halkara nebitgaz forumynyň açylyşy boldy

Şu gün — 23-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, işewürler, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdy.

Ynsanyň wepaly dosty

Şu gün — 22-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ynsanyň wepaly dosty – türkmen alabaýy» atly sergi guraldy. Oňa ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdy. Sergide çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddeslikleriň dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny biragyzdan bellediler.