"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Bitaraplyk — umumadamzat gymmatlygy

Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine aralaşyp, ol ähli döwürlerde-de türkmenleriň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklandygyna şaýatlyk edýär. Göwnaçyklyk, myhmansöýerlik, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, geçirimlilik we ähli halklar bilen ylalaşykly ýaşamak türkmenlere mahsus bolan häsiýetlerdir. Ata-babalarymyz her bir meseläni paýhas bilen çözüpdirler, öz perzentlerini hem şol ruhda terbiýeläpdirler. Bu bolsa halklaryň arasyndaky özara ynamy, ylalaşygy has-da berkidipdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we diplomatik gatnaşyklary nusgalyk derejede alyp barýar. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Aslynda adamzat döräli bäri ösen jemgyýetleriň aladasy parahat, agzybir, asuda geljegiň binýadyny gurmak bolupdyr.

Gut­ly bol­sun bi­ta­rap­lyk to­ýu­myz!

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Dost-do­gan biz, ulus­lar-il­ler bi­le,Gut­ly bol­sun Bi­ta­rap­lyk to­ýu­myz!Toý toý­la­ýas, ak des­se gül­ler bi­le,Gut­ly bol­sun Bi­ta­rap­lyk to­ýu­myz!

Bitaraplyk we sport ýörelgeleri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türkmenistanyň Bitaraplyk we sport ugrunda alyp barýan syýasaty geljekde hem dostlukly gatnaşyklary ösdürip, dünýäniň sport sahnasynda ýene-de öz ornuny pugtalandyrmagyna ýol açýar. Bu, dünýä ýurtlarynyň parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary goldamakda Türkmenistany ruhlandyrýar hem-de geljekde sport arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna bilelikde işlemäge iterýär.

Merkezi Aziýa: agzybirlik, abadançylyk, rowaçlyk

Birnäçe gün mundan ozal Diýarymyzda ajaýyp baýram — Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Şonuň bilen baglanyşykly ýurdumyzyň tutuş dünýäde, ilkinji nobatda, ýaşaýan sebitimiziň döwletleri bilen dostana gatnaşyklarynyň rowaçlanýandygy, Merkezi Aziýanyň parahatçylygyň, abadançylygyň giňişligi bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi barada gürrüň etmek aýratyn ýakymly, çünki munda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň öňe sürýän gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda, 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara üns çekildi. Şu ýylyň 2-nji dekabrynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Golaýda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama hem kabul edilipdi. Bu üstünlikler Milletler bileleşigi bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär.

Şanly sepgitler bilen röwşen geljege

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilip, uly üstünlikler gazanyldy. Biz bu hakykata Balkan welaýatynda alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Daşary ýurtlardan satyn alynýan harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan esasy wezipeleriniň biridir. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi halkymyzyň bagtyýar we bolelin ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu günki gün Balkan welaýatynyň döwlete degişli, şonuň ýaly-da hususy eýeçilikdäki kärhanalarynda öndürilýän senagat, gurluşyk harytlarydyr azyk önümleri hem dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Önüm öndürijileriň netijeli işlemekleri üçin döredilýän şertler şeýle önümçilikleriň geljekde has giňeldilmegine mümkinçilik döredýär.

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

Türkmenistan agzybirligiň, asudalygyň, parahatçylygyň tarapdary bolmak bilen, ynsanperwerlik we döwletlilik ýoly bilen öňe barýar. Şunda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hukugyň we diplomatiýanyň esasy ýörelgeleriniň sazlaşykly utgaşmasyny öz içine alýan işjeň gural bolup öňe çykýar. Bitarap Türkmenistanyň garaýyşlarydyr başlangyçlary ählumumy derejede parahatçylygy goramak, howpsuzlyk we durnukly ösüş, sebit hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlarda resminamalary işläp düzmekde, kabul etmekde möhüm orun eýeledi. Munuň özi ýurdumyza üstaşyr energiýa geçirijilerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkara söwdadyr ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny pugtalandyrmaga, ynsanperwer gatnaşyklary we beýleki ugurlary çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Şu zatlar barada pikir edeniňde, türkmen döwletiniň islendik ýurduň dünýä giňişliginde yglan eden maksatnamalarynyň we iş ýüzündäki ädimleriniň mazmunyna, daşary syýasat ugrunyň filosofiýasynyň düýp manysyna düşünmegiň açarynyň şol döwletleriň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen aýrylmaz baglanyşygynda jemlenýändigi baradaky garaýşa gulluk edýändigine düşünmek kyn däl. Şeýle nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistan içerki durmuşynda parahatçylyk söýüjilik, jemgyýetde agzybirlik, sabyrly garaýyşlara eýermek hem-de ynsanperwerlik kadalaryny durmuşa geçirýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň hemişeli

ÝAÝ GANATYŇ, KEPDERI! (oýlanma)

«Ýaý ganatyň kepderi,/begenje besle seri» — diýen setirleri kalbymda aýlap durşuma giň Asmanyň goýnunda ganat ýaýyp duran kepderileri synlap esli salym durdum. Mekdepde birinji ýa ikinji synpdym, anyk ýadyma düşenok, aýdym sapagynda mugallym bize: Akja kepderim,

PARAHATÇYLYGYŇ GÖZBAŞY

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Döwletimiz sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we goldamakda, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň agzalygyna kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu seneler Milletler Bilel

Beýik sütün belent derejelerde dabaralanýar

Bitaraplyk, Garaşsyzlyk — ýurdumyzda öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny amala aşyrmakda uly orun eýeleýän belent sütünlerdir. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi taryhy ýolumyzyň uly ähmiýetli wakalarynyň biridir. Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuşyň ähli ulgamlarynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmagynda uly mümkinçilikleri döretdi.

Baýdak — belent mertebe

Arkadag şäherinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy joşgunlylygy bilen tapawutlandy. Ir säher bilen Arkadag şäheriniň toý lybasyna özboluşly sazlaşyk goşan esasy dabaralaryň biri-de Baş baýdak meýdançasynda geçirildi. Halkara Bitaraplyk gününiň dabarasy ýaşyl tugumyzyň al-asmana göterilmegi bilen başlandy. Toý meýdançasyna ýygnananlaryň arasynda edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar bar.

Berkararlyk buýsanjy

Ata Watanymyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 29  ýyllygy aýdym-sazly dabaralar bilen giňden bellenildi. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň serweri. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň goşa ganaty. Ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny biragyzdan ykrar edipdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen 69-njy mejlisinde bolsa 193 döwletiň goldamagy netijesinde Baş Assambleýanyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy ikinji gezek kabul edildi. Şol ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda BMG-niň howandarlyk etmeginde «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirildi we onda Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy aýratyn orun eýeledi. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, onuň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşikde abraýynyň artmagynda hemişelik Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr. Baky Bitaraplyk, munuň özi asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillenmesidir, arkaýyn okamak, öwrenmek, döretmek mümkinçiligidir. Çünki hemişelik Bitaraplyk baky abadançylykdyr. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň h

Bagta rowan menziller

Her bir döwletiň, halkyň taryhyna, durmuşyna altyn harplar bilen ýazylan wakalar, ajaýyp pursatlar bolýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gazanylýan ösüşlerdir özgerişler, ýetilen belent sepgitler Diýarymyzyň täze taryhyny şöhratlandyrýar. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri ähli halkymyzy guwandyrýar. Gözel paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde bolşy ýaly, welaýatlarymyzyň durmuşy hem uly özgerişler we ösüşler bilen dabaralanýar. Gurlup ulanylmaga berilýän senagat desgalary, medeni-durmuş maksatly kaşaň binalar, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlary Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygarynyň anyk netijeleridir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi bolsa daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary we şereketleri ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýär we berkidýär. Ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda bilelikdäki kärhanalaryň ençemesi peýda boldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda zawoddyr fabrikleriň ençemesi üstünlikli guruldy. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million to

Bitarap Watanymyz — dillerde dessan

Asuda, abadan, Bitarap ýurdumyz hemişe bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek-birege düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edip gelýär. Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bitarap ýurdumyz dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara hukugyň umumylykda bellenen kadalary esasynda daşary syýasatda oňyn bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk we ynsanperwerlik, agzybirlik, dostluk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň özeni bolup durýar. Munuň üçin bagtyýar halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.

Mukaddes ýörelgelere ygrarlylyk

Türkmenistanyň agzybir halkynyň abadançylygyny, jemgyýetimiziň watançylyk ruhuny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýän başlangyçlar rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiziň öňe süren, BMG-niň Baş Assambleýasynda agza döwletler tarapyndan goldanan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar. Ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen bu resminama halkara jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekýär. Garaşsyz ýurdumyzyň taryhy taýdan gysga möhletiň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesi toplanandyr. Täze, «2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen ady bilen baglanyşykly bellenilen w

Türkmeniň döwletliliginiň ykrary

Halkymyzyň goşa ganaty Garaşsyzlygymyz hem hemişelik Bitaraplygymyzdyr. Bu beýik mukaddeslikler il-günümiziň agzybirliginiň, nesillerimiziň bagtyýar durmuşynyň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda bu barada: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk her bir türkmenistanly üçin deň derejeli mukaddesliklerdir» diýip belleýär. Biziň üçin beýik hem gymmatly bolan bu düşünjeler bölünmezdir we bitewüdir. Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk türkmen halkynyň pähimlilik, çuň manylylyk, maksada okgunlylyk, sabyrlylyk, baş ugry saýlap almak, başlan işiňi ahyryna çenli alyp gitmek ýaly başga-da köp milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Ata-babalarymyzyň arzuwlan ynsanperwer ýörelgeleri bu gün döwletli Diýarymyzyň baş şygaryna öwrülip, ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny öňküden-de belentliklere ýetirýär.

Bitaraplyk — parahatçylygyň nyşany

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň belentligini, döwletiň ynsanperwer syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän senedir. Bu ajaýyp baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da täze mazmuna eýe bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly joşgun bilen bellenildi. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň guran döwletli ýollarynyň ugry bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýän Bitaraplyk, parahatçylyk, ynsanperwerlik syýasaty barha dabaralandyrylýar we güneşli Diýarymyzyň mertebe-derejesi barha belende galýar. Hormatly Prezidentimiziň watandaşlarymyza Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iberen Gutlagynda: «Bitaraplyk syýasatymyzy yzygiderli dowam etdirýäris. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär, Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny has-da pugtalandyrýar» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri hil taýdan baýlaşdyrylýar we çuň mazmunly syýasata öwrülýär. Bu bolsa, demokratik, hukuk, dünýewi, parahatçylyk söýüji döwletimiziň halkara at-abraýyny has-da belende göterýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitraplygy ykdysady we medeni ösüşleriň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde, ýurdumyzyň içerk

Çekseň zähmet, ýagar rehnet

10-njy dekabrda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlananlara Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy. Olaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatlar, döredijilik, medeniýet we sungat, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, maliýe, söwda, bank, ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýa pudaklarynyň wekilleri bar. Munuň özi Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda sylaglara mynasyp bolanlar üçin ýatdan çykmajak ajaýyp waka öwrüldi.

Goşa şatlyga beslendi

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň — Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenbaşy şäheriniň iň gözel künjeginde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady — jemi 300 hojalyga niýetlenip, täze gurlan bäş sany, her biri dört gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybaratdyr. Binagärlik babatda özboluşly gözelligi emele getirýän bu täze jaýlaryň açylyş dabarasyna welaýat, Türkmenbaşy şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylarydyr jogapkär hünärmenleri, medeniýet we sungat ussatlary, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdy. Täze jaýlaryň açylyş dabarasynda çykyş edenler bu ýere ýygnananlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna mynasyp bu şatlykly waka bilen gyzgyn mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy maksatlarymyň biri bolar» diýip aýdan sözleriniň hakykat ýüzünde myrat tapýandygyny aýratyn nygtadylar. Ýokary hil talaplaryna laýyk gurlan öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalara eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagynyň hatyrasyna

Nusgalyk ýörelgeleriň beýany

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy, Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habar Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary bilen utgaşyp, taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy. Türkmen halky hemişe-de parahatçylygyň, asudalygyň, hoşniýetliligiň we hyzmatdaşlygyň tarapdary. Şöhratly taryhymyzyň many-mazmuna eýlenen sahypalary türkmen Bitaraplygynyň öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny görkezýär. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen nesillerini öz baýdagynyň astynda jemläp, adalatly hökümdarlyga eýe bolupdyr. Ol goňşy bilen goňşynyň özara ylalaşykda ýaşamagynyň, birek-birek bilen gatnaşyk saklamagynyň, sylag-hormatda bolmagynyň berk taglymatyny döredip, öz nesillerine bu ýörelgäni berjaý etmegi sargyt edipdir. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz geçen ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda: «Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr» diýip, türkmen Bitaraplygynyň şöhratly sahyp

Pa­ra­hatçyly­gyň berk bin­ýa­dy

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Bi­ta­rap­lyk — pa­ra­hat­çy­ly­gyň bin­ýa­dy, ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň ba­ky da­ýan­jy. Bi­ta­rap­lyk üm­zü­gi bir ta­ra­pa — di­ňe öňe gö­nü­gen döw­le­tiň öň­den­gö­rü­ji­lik­li pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty. Bi­ta­rap­lyk — bag­ty­ýar mil­le­ti­mi­ziň da­şy­nyň pe­na­sy. Gah­ry­man Ar­ka­dag­ly, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdar­ly türk­men hal­ky Bi­ta­rap döw­let bo­la­ny­na bir ke­mi otuz ýyl wag­tyň için­de kän ösüş­le­ri, öz­ge­riş­le­ri dur­mu­şa or­naş­dyr­dy.