Bitaraplyk — parahatçylygyň nyşany

17 Dekabr 2024
96

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň belentligini, döwletiň ynsanperwer syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän senedir. Bu ajaýyp baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da täze mazmuna eýe bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly joşgun bilen bellenildi. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň guran döwletli ýollarynyň ugry bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýän Bitaraplyk, parahatçylyk, ynsanperwerlik syýasaty barha dabaralandyrylýar we güneşli Diýarymyzyň mertebe-derejesi barha belende galýar. Hormatly Prezidentimiziň watandaşlarymyza Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iberen Gutlagynda: «Bitaraplyk syýasatymyzy yzygiderli dowam etdirýäris. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär, Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny has-da pugtalandyrýar» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri hil taýdan baýlaşdyrylýar we çuň mazmunly syýasata öwrülýär. Bu bolsa, demokratik, hukuk, dünýewi, parahatçylyk söýüji döwletimiziň halkara at-abraýyny has-da belende göterýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitraplygy ykdysady we medeni ösüşleriň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde, ýurdumyzyň içerki durnuklylygy we ösüş depginleri üçin amatly şertleriň döremegine giň mümkinçilik berýär. Bu gün berkarar döwletimiz sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, durnuklylygy berkitmek meselelerinde BMG-niň strategik hyzmatdaşy bolup hereket edýär hem-de dünýä döwletleri bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ýylsaýyn ösdürýär. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk derejesiniň barha belende galýandygy sebitdäki we dünýädäki ýurtlar bilen hoşniýetli, birek-birege bähbitli, dostana gatnaşyklaryň ösüşlerinde aýdyň görünýär.

Maýsa GELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.