"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Älemi ýyladýar ene ýüregi

Dünýäniň görki hasaplanýan ene Beýik Allatagalanyň ýaradan iň mukaddes ynsanydyr. Ol adamzat durmuşynyň diňe bir bezegi bolman, eýsem, ony döredijidir, dowam etdirijidir. Ynsan üçin eneden mährem, eneden eziz, eneden ýakyn adam ýokdur. Ene üçin perzent näçe ýaşandygyna garamazdan, hemişe mährem bala bolup galýandyr. Enäniň söýgüsi başga bir zat bilen deňeşdirip bolmajak duýgy bolup, ony ýönekeý sözler bilen düşündiribem bolmaýar. Ol söýgi çaga heniz dünýä inmänkä başlanýar. Çagany hiç kim ejesiniň söýşi ýaly söýüp bilmez. Perzendini dokuz aý göwresinde göterip, ýagty jahana inderen, sansyz ukusyz gijelerde hüwdüläp daňyny atyran, ak süýt berip, il hataryna goşan beýik ynsana — enä näçe hormat-sarpa goýsak, şonça-da azdyr.

Ne­sil ter­bi­ýe­si­niň göz­ba­şy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bi­lim ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­ler mil­li we dün­ýä tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­mek bi­len, mek­dep eda­ra­la­ryn­dan baş­lap, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň äh­li bas­gan­çak­la­ryn­da bi­lim ber­li­şi­niň de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş nes­liň ir­ki ýaş­dan baş­lap be­den hem ru­hy taý­dan kä­mil ösüp ke­ma­la gel­me­gi, döw­re­bap bi­lim we ter­bi­ýe al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.

Ýagşylygyň hem ýagtylygyň içindäki Täze ýyl

Täze ýyl — dünýäniň ýagşy niýetler bilen garşylaýan ajaýyp senesi. Ata-babalarymyz senenamaçylyk ylmyny hem ýöredipdirler. Geliň, şol ylmyň nukdaýnazaryndan seredip, 2025-nji ýylyň müçenamasyna ser salalyň! Gündogar Ýyldyznamasy boýunça 2025-nji ýyl «Ýylan ýyly» hasaplanýar. Ýyldyznamalarda müçe ýyl hasaby boýunça gelen her ýylyň nähili boljakdygy özüne degişli jandaryň häsiýeti, tebigaty, sany we reňki boýunça kesgitlenýär. Ýylan paýhas ýyldyzynyň aşagynda doglup, häsiýeti boýunça pähim-paýhasly hasaplanýar. Tebigaty boýunça bu ýylan ýyly daragt hasaplanýar. Sany boýunça (2 + 0 + 2 + 5 = 9) dokuzlyk hasaplanýar. Gymmatbaha daşy zümerretdir. Daragt bar ýerinde ýaşyl reňk bolup, reňki boýunça ýaşyldyr. Şoňa görä Ýylan ýyly ýaşaýşyň, dowamatyň ýyly hasaplanýar.

Gutlaglary

* Goý, 2025-nji ýylda hemmelere bagt, älemgoşar öwüşginli durmuş, oňyn wakalar we ajaýyp pursatlar miýesser etsin! Ähli arzuwlaryňyz hasyl bolup, her kim öz maksadyna ýetsin! * Ýer ýüzünde maşgala baýramy hasaplanýan Täze ýyl adamzat kalbyny mähirden, söýgüden doldursyn. Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu baýramçylyk her bir ojagyň bosagasyndan asudalyk, abadançylyk, saglyk hem-de bagtyýarlyk gadamy bilen girsin!

«MÄHIRLI» IŞDÄAÇARY

Güýz paslynda howanyň salkynlap başlamagy bilen, işdäaçarlara bolan isleg has-da artýar. Olary taýýarlamak üçin öý bikelerimiz hemişe taýýar. Emma muňa garamazdan, işdäaçar näçe çalt taýýar bolsa, şonça-da wagt tygşytlanýar. Şonuň üçin žurnalymyzyň bu gezekki sanynda taýýarlamasy kyn bolmadyk «Mähirli» işdäaçarynyň taýýarlanyşyny size ýetirmegi makul bildik. «Mähirli» işdäaçary hem lezzetli, hem ýokarda belleýşimiz ýaly, çalt taýýarlanylýan işdäaçardyr. Munuň üçin gündelik ulanylýan önümler ýeterlikdir. Işdäaçarymyzy taýýarlamak üçin ilki bilen ter hyýary, gaýnadylan ýumurtgany we şöhlaty kiçijek dörtburç şekilde dogramaly. Olaryň üstüne süýri edip dogralan peýniri we konserwirlenen nohudy goşmaly. Soňra garyndynyň üstüne islege görä duz we maýonez goşup garmaly. Taýýar bolan işdäaçar günüň islendik wagtynda hem bereketli saçagyňyzyň bezegi bolar. Işdäňiz açyk bolsun!

Täze ýyl saçagynyň «arçajyklary»

Täze ýyl baýramy diýlende, naz-u-nygmatdan doly baýramçylyk saçagy göz öňüňde janlanýar. Eziz çagalar, siziň hem Täze ýyl baýramçylyk saçagyny bezemäge goşandyňyzy goşasyňyz gelýändir. Geliň, onda kiwi, banan, alma, nar ýaly miwelerden dürli nygmatlary taýýarlalyň! Siziň taýýarlan baýramçylyk öwüşginli tagamlaryňyzyň diýseň özboluşly we täsinje boljakdygyna ynanýarys. Kiwiden we nardan arçajyk

Baýramçylyk sowgady

Eziz jigiler, sowgady has-da ýakymly, täsirli edýän zatlaryň biri-de onuň daşky bezegi bolan gutujygydyr. Täze ýyl baýramynda öz elleriňiz bilen sowgatlyk gutujyklaryny ýasap, dostlaryňyza, joralaryňyza, jigileriňize sowgat edip, olary begendiresiňiz gelýändir. Sowgat gutujygy gowşurylanda hemmeler onuň içinde nämäniň bardygyny bilmäge çalyşýarlar, aýratyn-da, çagajyklar. Geliň, içi kemputly, kökeli, şokoladly gutujygy bilelikde ýasalyň! Gerekli esbaplar:

Täsin tomaşa

Täze ýyl arçasyny bezemegiň öz gyzygy, lezzeti bar. Täze ýylyň golaýlamagyna sanlyja günler galanda, jigilerim bilen üýşüp, arça bezemegiň ugruna çykdyk. Bu dabaraly, şatlyk-şowhunly arça bezelişiň şowhuny käteler bir-iki güne ýetäýýär. Neneň şeýle bolmasyn?! Boýumyzdan sähelçe uzyn arçany goýmak üçin, ilki bilen-ä, öýüň iň amatly, gözegelüwli ýeri saýlanyp alynýar. Ondan soňra dürli bezegli jäjekler, oýunjaklar, zerler saýlanyp, arçanyň daşyna üýşülýär. Bu ýagdaý öýüň körpejelerinden başlap, uly ýaşlylaryny hem özüne çekýär. Kim haýsy jäjegiň nireden, nädip dakylmalydygyny salgy berse, kimler bolsa arçanyň daşyndan pyr-pyr aýlanyp, onuň bezeglerini, jäjeklerini dakyp ýörendir. Olaryň arasynda bu tomaşany hezil edip synlap oturanlar hem bardyr. Arça bezelişiň iň gyzykly ýeri — arçanyň depesine öwşün atyp duran sekizburç ýyldyzyň dakylmagydyr. Yşyklandyryjy çyralar dakylansoň-a, esli wagtlap arçanyň gözelligine haýran galyp oturarsyň hem-de begenjiňi daş-töweregiňdäki jigi-doganlaryň bilen paýlaşarsyň: — Arça, gör, nähili owadanja bolaýdy.

Zenan bagty — Zemin bagty

Zenan bolup zenan dünýäsi hakynda gürrüň açmak örän üýtgeşik duýgyny bagyş edýär. Bu ýagdaý seni şol bir wagtyň özünde gulpaklyja gyzjagaz bolup ylgan ýyllaryňa, ulugyzlygyň jadyly dünýäsine gadam goýan günleriňe, gyzyl çog kürtäni başyňa atyp, gelnalyjynyň şowhuny bilen gelinlik älemine aralaşan pursatlaryňa dolaýar. Ondan soňra bolsa, seniň zenan bolup dünýä inmek bilen ykbalyňa ýazylan iň uly bagt — enelik bagtyny ýüze sylyşyň... Ilkinji gezek «Eje!» sözüni eşiden çagyň, joşgundan ýaňa ýere-göge sygmaýşyň... Yzyny zenan dünýäsine mahsus, başga-da ençeme sanasaň sanap oturmaly ýakymly ýatlamalar bilen dowam edip bilýärkäň, zenan bolup dünýä inendigiňe buýsanýarsyň, edil şonuň ýaly-da, saňa Hak tarapyn nähili belent borjuň hem jogapkärçiligiň ynanylandygyna düşünýärsiň. Özeninde Watana mynasyp, ile haýyrly perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly asylly maksat duran ol jogapkärçilik, seniň ene bolan günüň başlanyp, ömrüň boýy dowam edýär. Zenan maşgala türkmen neslini dowamat-dowam edýän ynsan. Zandy asylzadalykdan gaýdýan türkmen zenanlarynyň maşgala ojagyna wepa-ygrary, perzentlerine bolan hamraklygy barada birnäçe eserler döredilipdir. Ine, elimde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň süňňi-sütüni söýgä ýugrulan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby! Men, ummanlaryň goýnunda san-sajaksyz dür-göwherleri ýygşyryp goýşy ýaly, her sah

Terbiýäniň gözbaşy — maşgala

Halkymyz ähli gözellikleriň naýbaşysyny edep-ekramda, asylly terbiýede görýär. Türkmeniň ruhunyň gözbaşy edepden başlanýar. Şonuň üçinem ene-mamalarymyz çagalarynyň terbiýesine diýseň eserdeň çemeleşipdir. Perzent seniň ömrüň ahyryna çenli ykbal ýoluňy ýagtyldyp, göwün guşuňa ganat berýän köňül telwasyňdyr. Enäniň perzendine hamraklygy tebigydyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Yzlamaýan bolarmy?» atly şygrynda munuň sebäbi manyly setirler arkaly ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Tebigata biziň bilen deň dahylly janly-jandarlaryň ählisiniň-de öz balasyna nähili dözümsizdigini birin-birin beýan edýän dana şahyr şygrynyň soňuny: Magtymguly, haýwan bilse balasyn,Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy?

Mukaddes borja eýerip

Halkymyzyň ynsan mertebesini saklaýan we ony belende göterýän milli däp-dessurlary hiç wagtda hem ähmiýetini ýitirmeýär. Olary dogry berjaý edip, dowamata atarmak ýaş nesilleriň terbiýesine, başarnygyna we yhlasyna bagly. Şol asylly däpleriň iň ähmiýetlisi hem ata-enäni hormatlamak edebidir. Ata-ene bolmak miýesser eden her bir ynsan durmuşda özüni bagtly saýyp biler. Çünki perzent maşgala daragtyny dowamata atarýar. Her bir ene-ata perzendini ekläp-saklamak, iýdirmek, geýdirmek, ese-boýa galdyrmak, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, öýli-işikli etmek üçin ýyllarboýy yhlas edýär, köp zähmet çekýär. Perzent bütin ömrüne hyzmat etse-de, bu zatlaryň öwezini dolup bilmez. Ýöne esasy zat, perzendiň ene-atasyna goýýan hormat-sarpasydyr.

Ýaşyl donly, ýagşy niýetli Täze ýyl

Ata-babalarymyzyň arkama-arka üns beren we ýagşy niýetler bilen garşy alýan Täze ýyly — 2025-nji ýyl müçenama boýunça ýylan ýyly hasaplanýar. Gündogar müçe ýyllary tebigaty, reňki, häsiýeti, sany boýunça häsiýetlendirilýär. Geljek 2025-nji ýyl tebigaty boýunça daragt bolup, reňki boýunça ýaşyl, häsiýeti boýunça Paýhas ýyldyzynyň aşagynda doglan, sany boýunça hem dokuzlyk hasaplanýar. Senenama boýunça 2025-nji ýyly hepdäniň çarşenbe güni çalşyp, ekabyry Merkurin (Atored) ýyldyzy hasaplanýar. Bu barada orta asyrda ýaşan Hoja Abdylkerim Termizi şeýle beýan edýär: «Täze ýyl çalşygy çarşenbede gelse, ekerançylyk we bakjaçylyk gülläp öser. Ol ýyl dünýä inen perzent alym, mugallym, tebip, lukman bolup ýetişer. Çalt pikirlenmäge ukyply bolar». Ýylan paýhasy we owadanlygy boýunça zenan maşgala degişli. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşan ene-mamalarymyz gowy edilen işe «Ýylanyň damagyndan çykan ýaly nepis» diýipdirler. Gyz maşgalanyň owsun atyp duran saçyny şamara deňäpdirler. Keşdeçilik sungatynda hem ýylanlaryň ady bilen bagly nagyşlar bar.

Akly dana bolsun, özi türkana

Akyldar şahyrymyzyň edebi bilen eziz görülýän, haýasy bilen sarpalanýan gelin-gyzlarymyz baradaky ajaýyp goşgularynyň birini okap oturyşyma şu setiriň üstünden baranymda diňe şonuň özünde gatlanan manynyň näderejede çuňdugyna, gözeldigine haýran galyp, esli salym pikirlenip oturdym. Şahyryň tüýs biziň gelin-gyzlarymyzyň naýbaşy, gözel gylyk-häsiýetleriniň ählisini özünde jemleýän bu setirini sözümiziň başy — sözbaşy edinmegi mertebe bilip, dana şahyrymyzyň bu dogaýy arzuw-dilegleriniň her birimiziň kalbymyzda şineläp, gül ömrümize ýaraşyk bermegini, akyly dana, paýhasy dürdäne, sadadan türkana husny zyba senemleriň öýlerimiziň törüne gelşik berip, dünýämizi bezemeginiň arzuwlarynda gulaçlaýarys. Ynsan arzuwlarynyň çägi barmy? «Ogul, ogul» diýip, ogla ýeter, soň bir günem gyzjagaz, diýer, ýene-de bir gün taýjagaz, diýer. Garaz, saglyk bilen dogup ýaşýan gün-aýymyz olary «Hä» diýmänkäler çagalaryny gözli-başly, öýli-işikli etmek baradaky süýji aladalar bilen sepläp goýberer. Ana, onsoň ogly ýetişenler gowuja gyzyň arzuwynda, «ýitigimizi gözläp geldik» diýip gapysy kakylanlaram gyzlarynyň ýeriniň duşmagynyň arzuwynda bolarlar. «Ynsan soraşa-soraşa» diýleni. Garyndaşlyk açjak bolýan maşgalasyny sorap, idäp, göwnejaýladym hasap edensoňam, türkmen aga inçejik ünji-aladalar hiç ýazylganlyk berenok. Eýsem näme, durmuş ýollarynda nähili öwrümleriň garaşýandygyny öňünden bi

Akyl-paýhaslylygyň, pähimliligiň ýyly

Täze ýyl — maşgala baýramçylygy. Täze ýylda bir saçagyň başyna jem bolup, birek-birege sowgat bermek, adamlarda şatlyk duýgusyny döretmek — bu baýramçylygyň esasy mazmunyny düzýär. Ýene-da sanlyja günlerden 2025-nji ýyl bosagamyzdan ätlär. Ata-babalarymyzyň irki döwürlerden bäri ýöredip gelýän müçenama hasabyna görä, geljek ýyl ýylan ýylyna gabat gelýär. Bilşimiz ýaly, Gündogar senenamasyna laýyklykda, her bir ýylyň öz ady bolupdyr. Her müçe ýylynda howanyň ýagdaýynyň nähili boljakdygy barada il arasynda dürli pikirler, rowaýatlar saklanyp galypdyr. — Ýylan ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň altynjysydyr.

Täze ýylyň keýpiçaglygyny nähili döretmeli?

Täze ýylyň bosagasynda täze bir zada başlamazdan ozal, köne we ýaramaz pikirlerden saplanmaly. Işden boş günüňiz öý-içeriňizi arassalamaly, egin-eşik goýulýan şkaflary, kitap tekjelerini tertipleşdirmeli. Şol bir wagtyň özünde, ulanmaýan zatlaryňyzy, çaga oýnawaçlaryny gerek adama bermeli. Oýunjaklary çagalara, kitaplaryňyzy bolsa okamagy halaýanlara sowgat edip bilersiňiz. Täze ýyl arçasy, elbetde, Täze ýyl baýramçylygyny bezeýän esasy gözellikleriň biri. Täze ýyl arçasyny maşgala bolup bezemekligiň özi hem şadyýanlyk eçilýär. Arçany bezeýän wagtyň göwnüň göterilip, keýpiň çaglanýar. Bir ýylyň içinde bolup geçen gaýgy-aladany unudýarsyň. Şol pursatdaky çagalaryň şatlygyny hiç zada deňäp bolmaýar.

Täze ýyl süýjülikleri

Dürli süýjülikler bilen bezelen desterhanlar, bal tagamly tortlar, ýakymly ysly kökeler Täze ýyl saçagynyň esasy aýratynlygy hasaplanýar. Süýjülik tortlary dostlugyň, parahatçylygyň nyşany hökmünde durmuşymyzy ýakymly ýatlamalara besläp, islendik pursatda keýpiňi göterýär. Süýjüje tortlar çagalaryň hem ulularyň söýýän tagamlarynyň biri. Doglan günlerimizi, ýatdan çykmajak pursatlarymyzy, şeýle-de baýramçylyk agşamlaryny tortsuz göz öňüne getirmek kyn. Tortuň peýda bolan takyk senesi belli däl. Taryhy çeşmelere salgylanyp, ilkinji süýjülikleriň, takmynan, iki müň ýyl mundan ozal, Italiýada peýda bolandygy barada aýdylýar. Tort diýmek italýan sözi bolup, «torta», ýagny «tegelek çörek» diýmekligi aňladýar.

Sowgatlary owadan gaplamagyň görnüşleri

Çagalaryň, şol sanda ulularyň hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Megerem, siz ähli ýakynlaryňyzy gutlamaga howlugýansyňyz. Baýramçylyk ruhuny göterýän, şatlyk-şowhunyny goşalandyrýan zatlaryň biri-de Täze ýyl sowgatlarydyr. Biz hem žurnalymyzyň şu sanynda size sowgatlary baýramçylyk ruhunda gaplamagyň birnäçe görnüşi bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Gerekli esbaplar:

Ýylan ýylynda doglan zenanlar barada

Her ýylyň öz ady, häsiýeti bar. 2025-nji — ýylan ýyly hem rysgal-berekedi bilen desterhanlarymyzy bezär, dünýä ýüzünde parahatçylygyň we birek-birege ynanyşmagyň şöhlesi bolup nur saçar. Eýsem, ýylan ýylynda doglan zenan maşgalalaryň häsiýeti, durmuşy nähilikä we olarda nähili üýtgeşiklikler bolup geçerkä? Hytaý täleýnamasyna görä, ýylan ýylynda doglan zenanlaryň häsiýeti beýleki zenanlaryňkydan tapawutlydyr. Bular medeniýetli we akylly bolýarlar. Özüni ideal görkezmäge çalyşýarlar. Olar syrlaryny daşyna çykarmaýarlar, şol bir wagtyň özünde-de amatly ýagdaýdan peýdalanmagy başarýarlar. Olar beýleki adamlaryň öňünde utanmazlyga, ýalňyşmazlyga çalşarlar, özüniň diňe gowy taraplaryny görkezmäge synanyşarlar. Öýde özlerini has hem mylaýym alyp bararlar.

Täze ýyl saçagyna

Kömelekli tagam Gerekli önümler: 15 — 20 sany kömelek, 300 g towuk eti, 100 g peýnir, 8 nahar çemçe gaýmak, 100 g sogan, 5-6 diş sarymsak, islege görä, duz we burç.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? 2025-nji ýyl — Ýylan ýyly

Dünýä belli müneçjimleriň maglumatlaryndan çen tutsaň, Täze 2025-nji ýyl, müçe hasaby bilen ýylan ýylynyň mümkinçiliklere baý boljakdygyny söz berýär. Göreli-bakaly, täze ýyl müçe hasabyna görä, bize aýratynlykda nähili sowgatlary taýýarlapdyr?! Syçan. 2025-nji ýyl syçan ýylynda doglanlara üstünlik babatda şowlajak ýyldyr. Geljek ýyl olaryň ruhubelentligine görä, maksatlary-da şonça ulalyp, göwünlerine bolmasa, özlerini dünýäniň ünsüni çekip biläýjek adam ýaly duýarlar. Bu ýagdaý, elbetde, ösüş üçin peýdaly hem bolar.