"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Türkmen tebigaty — gözelligiň nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologiýa syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamalary işjeň hereket edýär. Şolaryň esasynda Diýarymyzda daşky gurşawy arassa saklamaga, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge we olary netijeli peýdalanmaga, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň tebigatynyň köpdürlüligi, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsinde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Öwrüm-öwrüm dag ýodalaryndan ýöreseň, her öwrümde dereleriň, dag ýapgytlarynyň, dag çemenlikleriniň, dury suwly derýalaryň, şarlawuklaryň gaýtalanmajak gözelligine duş gelmek bolýar. Hazar deňziniň türkmen kenary-da diňe bir baýlyklary däl, eýsem, ekologiýa taýdan arassa deňiz suwy we dynç almak üçin amatly şertleri bilen hem meşhurdyr.

Borjak

Ata Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamak, ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak her birimiz üçin mukaddes borçdur. Güneşli ýurdumyzyň Garagum sährasyna, daglaryna-düzlerine görk berýän ösümlikler köpdürli hem-de özboluşlydyr. Şeýle ösümlikleriň biri-de ýurdumyzda giňden ýaýran borjakdyr. Boýy 1,5-2 metre çenli ösýän bu gyrymsy ösümlik maý aýynda gülläp, tomsuň ortaky aýynda miwesi bişip ýetişýär. Ýapraklary ýukajyk barda görnüşli bolan borjagyň goza şekilli miwesi gyzyl, mämişi reňkde bolýar. Ösümlik çägelik ýerlerde gowy ösýär. Çäge bilen gömlende, onuň baldagynda we şahalarynda goşmaça kökler emele gelýär hem-de durnukly ösmegini üpjün edýär. Baldagy we çybygy bilen köpelmäge ukyply bolan borjagyň süýşýän çägeleri berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Ol howanyň sowuk günlerinde mallar üçin iýmit çeşmesidir. Borjak dermanlyk ösümlik bolup, ondan taýýarlanýan melhemlikler demgysmada, gökbogmada, bokurdak sowuklamasynda giňden ulanylýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde giňişleýin maglumatlar berilýär.

Aş­ga­ba­dyň ak ga­ry

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ge­çen ýyl­lar­a ga­ra­nyň­da şu ýyl paý­tag­ty­my­za ga­ryň köp ýa­gan­dy­gy üçin­mi ýa-da gar­ly gy­şa kän bir öw­re­niş­män­di­gim üçin­mi, ga­raz, tä­sin duý­gu­lar pi­kir­le­rim bi­len hä­li-şin­di ýüz­be-ýüz bol­dy dur­dy. Ça­ga­ly­gy­myz­da kal­by­myz­da orun tu­tan şat­lyk duý­gu­sy özüm­den bi­din pi­kir ala­da­la­ry­my alyp gaç­ýar.Ola­ryň yzy­na eýer­jek bo­lu­bam ýy­ly eşik­le­ri­ňi ge­ýip, daş çyk­ýar­syň. Şon­da aýa­gyň as­tyn­da tä­sin ses ed­ýän ga­ryň «öz­bo­luş­ly mu­ka­my» se­ni ça­ga­lyk ýyl­la­ry­ňa sa­ry alyp gid­ýär.

Di­ýa­ry­myz gyş gu­ja­gyn­da

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 As­man­dan inen ak­ja gar toz­ga­jyk­la­ry mu­kad­des top­ra­gy­my­zyň ýü­zü­ni ak­ly­ga bü­re­di. Ine-de gy­şyň ala­ma­ty. Bu ala­mat her bir türk­me­niň kal­by­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin ça­ýyp ýüz­le­rin­de bagt­ly ýyl­gy­ryş­la­ryň peý­da bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň «Gy­şyň gü­ni kyrk tüýs­li, kyr­ky­sy­da gy­lyk­syz» diý­mek bi­len gü­neş­li ül­kä­miz­de gyş pas­ly­nyň ed­ýän oýun­la­ry­ny çe­per sö­züň üs­ti bi­len be­ýan edip­dir­ler. Gyş pas­ly dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da dür­lü­çe gel­ýär. My­sal üçin, iň do­wam­ly gar ýag­my­ry­na 1932-nji ýyl­da Ka­na­da­nyň ýa­şaý­jy­la­ry şa­ýat bol­du­lar. Ol ýer­de 9 gün dyn­man gar ýa­gyp­dyr. Mu­nuň ne­ti­je­sin­de ga­ryň bo­ýy bir gat­ly jaý­la­ryň üçe­gi­ne çen­li ba­ryp ýe­tip­dir. Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da bol­sa gyş ge­len­de gar ýag­ma­ýan pur­sat­la­ry hem bol­ýar. Bi­ziň gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da bol­sa gy­şyň lez­ze­ti baş­ga­ça.

Täsin agaçlar

Nim agajy. Bu täsin bag leýlisaçy ýatladýar. Bagyň miwesinden ýasalýan dermanlar iň gymmatbaha derman hasaplanýar. Gadym döwürlerde hindiler onuň ýapragynyň gan aýlanyşygyna peýdalydygyny nazarda tutup, gözellik üçin ýüzlerine çalýan ekenler. Häli-häzire çenli nim miwesinden ýasalýan dermanlar we ondan alynýan ýaglar deri üçin iň täsirli dermandyr.

Uly Amyderýa pilburny

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalynda ýurdumyzda duş gelýän haýwanlaryň we ösümlikleriň dürli görnüşleriniň şekilleri ýerleşdirildi. Olaryň arasynda bekre balyklar maşgalasyna degişli bolan Uly Amyderýa pilburny daşky sypatynyň üýtgeşikligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Uly Amyderýa pilburny Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu görnüş Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalynyň «Amyderýa» döwlet goraghanasyna bagyşlanan diwarlygynda görkezilýär. Sebäbi bu balyk diňe Amyderýada duş gelýär we döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan goralýar. Uly Amyderýa pilburny Aziýanyň endemigi, düýbünden ýitip barýan görnüş hökmünde populýasiýasynyň goralyp saklanmagy we ähmiýeti taýdan dünýä möçberinde gymmatlydyr. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 1985-nji, 2009-njy, 2011-nji ýyllardaky neşirlerine we täze — 2024-nji ýyldaky neşirine girizildi. Ol XX asyryň başlarynda Amyderýanyň orta we aşaky akymynyň ähli ýerlerinde, Pänj, Wahş, Kafirnigana we Gyzylsuw derýalarynyň aşaky akymynda, XX asyryň ikinji ýarymynda joşly Jeýhunyň kä ýerlerinde hem-de Garagum derýasyndan «Hanhowuz» suw howdanyna çenli aralykda gabat gelýärdi. Häzirki wagtda diňe Amyderýada we onuň ýokary akymynda, Özbegistanyň we Täjigistanyň çäklerinde duş gelýär.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Gözellige maýyl göwün

Gözler hemişe gözellige maýyl, ol gözellikden ganmaýar. Näme üçindir gün üstüne ak don örtünen kert gaýaly daglaryň, ýaşyl begresli arçalaryň — baglaryň suratyny çekesim geldi. Birnäçe wagtlap yhlas bilen çeken suratymy dürli reňkler bilen reňkledim. Hiç neneň däl ýaly. Emma surat göwnümdäki ýaly gözel bolup bilmedi. Şol pursat «Tebigat — iň ökde suratkeş» diýen sözüň örän dürs aýdylandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Men gözüm ganmaz tebigata çykdym-da, ony içgin synladym. Asman bilen Zemin bir-birine ýakynlaşan ýalydy. Asmandaky ak bulutlar Zemindäki ak gara owsun atýana meňzeýärdi. Bulutlaryň arasyndan jyklaýan Gün bolsa bu gözellige gözellik goşýardy. Has täsin ýeri bolsa, ýol gyralaryndaky dürli reňkli güller hem üstüne gar örtünip otyrdylar. Asmanda ak bulutlar kerwen gurap süýşüp barsa, ýerdäki ak garlar kem-kemden Gün nuruna ereýärdi. Men bu gözelligiň entek-entekler saklanyp galmagyny isledim. Emma tebigatyň öz kadasy, öz kanuny bar. Ol ynsanyň isleglerine boýun egmeýär. Ol adamlary bagtly we bol bereketdir rysgaldan paýly etmegi başarýar. Tebigat biziň ata-enemiz mysalydyr. Ol bizi ekleýär, saklaýar, özüni söýdürýär, bize-de ummasyz söýgi bagyşlaýar. Ýeri onsoň, şol söýgini nädip suratda ýa-da aýdymdyr sazda beýan edip biljek?!

Tut – uzak ýaşamagyň nyşany

Halkymyzda birek-birege dileg edilende «Janyňyz tut ýaly sag bolsun!» diýilýär. Çünki tut agajy kesellere durnukly bolup, uzak ýaşaýar. Onuň gurakçylykda, kyn şertlerde ösüp, ýaşap bilmegi halkyň ruhy durnuklylygy bilen baglanyşdyrylýar. Tuduň miwesi, ýapraklary, hatda guran sütüni-de durmuşda peýdaly. Baglara gadyr goýýan halkymyz, tudy has-da sarpalaýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Gy­şyň ajaýyp pursaty

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 «Gy­şyň gö­zel­li­gi nä­mede?» di­ýen so­ra­ga, el­bet­de, her kim birhili jo­gap ber­me­gi müm­kin. Ýö­ne bu so­ra­ga köp adamlar iki sany jo­ga­by ber­er. Olaryň bi­rin­ji­si — gar, beý­le­ki­si-de — Tä­ze ýyl bol­ma­ly. Ge­liň, bu ge­zek gy­şyň gö­zel­li­gi bolan ga­r hakynda söhbet edeliň! Il­kin­ji gar toz­ga­jyk­la­ry ze­mi­ne inen­de mu­ny gö­ren her bir yn­sa­nyň göw­ni açyl­ýar. Gy­şyň adam­la­ra şat­lyk paý­la­ma­gy, gör, nä­hi­li buý­san­dy­ry­jy. Ag­şamsyna gar ýa­gyp, ýe­riň ýü­züni ak do­na bü­re­megi, sä­her bi­len oýa­nan ça­ga­la­ryň ýü­zün­de şat­lyk duý­gu­la­ry dö­räp, şolba­da eg­ni­ne ga­lyň­ja ge­ýim­le­ri­ni ge­ýip, ga­py­dan da­şa­ra ta­rap yl­gan ça­ga­la­ry gör­me­giň özi bagt. Se­bä­bi ol ça­ga­lar — gö­zel­li­giň, şat­lyk şow­hu­nyň muş­dak­la­ry.

Gyş gözelligi

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Her pas­lyň öz aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar. Gyş — aja­ýyp we tä­sin dö­wür­. Bu pa­syl şeý­le bir syr­ly we özü­neçe­ki­ji. Te­bi­ga­tyň düýp­gö­ter üýt­ge­me­gi, daş-tö­we­re­giň gö­zel­li­gi gyş pas­lyn­da has gö­ze ýa­kym­ly gö­rün­ýär. Köp adam­lar gyş pas­ly­na sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­lar, se­bä­bi tä­sin, ýat­daga­ly­jy pur­sat­lar gyş pas­lyn­da ama­la aş­ýar. Bu pasyl hem­mä­ni özü­ne çe­kip, uly ýaş­ly­la­ry hem ça­ga dün­ýä­si­ne itek­le­ýär. Se­bä­bi gö­zel­lik­le­re bes­le­nen gyş uly-ki­çi hem­mä­ni öz tä­sin­li­gi­ne çek­ýär. Dur­mu­şy­myz­da iň tä­sin zat­lar bi­ziň ýa­dy­myz­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry dö­red­ýär. Beý­le pur­sat­lar, esa­san-da, gyş pas­ly­nyň ber­ýän gö­zel­li­gi bi­len bi­ziň ýa­dy­my­za pug­ta or­naş­ýar.

Ilkinji gar

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 29 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­niň öňü­sy­ra­syn­da Aş­ga­ba­da gar ýag­dy. Türk­men hal­kyn­da gar ýag­ma­gy, gyş pas­ly bi­len bag­la­ny­şyk­ly dür­li na­kyl­lar, ata­lar sö­zi kän. Ak ga­ry bol­sa as­ly ha­lal türk­men ak ar­zu­wy­na, päk ni­ýe­ti­ne de­ňe­ýär. Şo­nuň üçin hem hal­ky­myz­da «Ak zat al­ny­ňa ýag­şy» di­ýen söz bar. Bu bol­sa ak reň­kiň ýag­ty gün­le­riň, aja­ýyp dur­mu­şyň buş­luk­çy­sy­dy­gy­ny aň­lad­ýar.

Guşlar hakda

Bu ýazgylar guşlaryň durmuşyndan alnan, görlen we synlanan zatlar. Okap görüň, belki, guşlar baradaky, iň bolmanda, gürrüňi edilýän şu iki guş baradaky pikiriňizi üýtgedersiňiz! «Şäherli» garganyň hoz döwýän ýeri

Setirlerde güller

Her gülüň öz ysy bar, Her gyzyň bir näzi.

Täze ýylyň tumar daşlary

Ýene-de sanlyja günlerden ajaýyp luw ýylynyň ýerine ýaşyl ýylanyň ýyly geler. Süýrenijiler örän akylly, sabyrly we duýgurdyrlar. Müneçjimler geljek ýyl ýylandan sabyrlylygy we akylly hereket etmegi öwrenmäge mümkinçiligiň boljakdygyny aýdýarlar. Makalamyzda hünärmenleriň bellemeklerine görä, geljek ýylda üstünlige, bagta, söýgä we abadançylyga ýetmek üçin haýsy daşlary hemra edinmelidigi barada durup geçmek isleýäris. Şowlulyk daşy

Jümle-jahan habarlary

Işçileriň ornuna robotlar Soňky ýyllarda senagat kärhanalarynda robotlaryň hyzmatyndan has giňden peýdalanylýar. Olaryň köp ulanylýan ýurtlarynyň sanawynda Koreýa Respublikasy ynamly öňdeligi eýeleýär. Soňra sanawy Singapur, Hytaý, Germaniýa we Ýaponiýa ýaly döwletler dowam etdirýärler. Hasaplamalara görä, Koreýada 10 müň işçä derek senagat robotlarynyň 1012-si işledilýär. Singapurda 10 müň işçä derek 770 robot, Hytaýda bolsa 470 robot işledilýär. Robotlaryň artýan sany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletlerinde önümçiligiň awtomatlaşdyryş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.

Akja gar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gyş paslynyň gelmegi bilen töwerek-daşymyzy sowuk howa gurşap aldy. Gyşyň ilkinji günlerinde bolsa ak şäherimiz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ak gar tozgajyklary asmandan nur bolup ýagyp, bereketli türkmen topragymyzyň ýüzüni “ak zat alnyňa ýagşy” diýlen pähime eýerip aklyga büredi. Biz hem şu ýerde ildeşlerimizi ak gar bilen baglanyşykly täsin hem gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Gar barada gürrüň edilende, köplenç oňa “akja gar” diýilýär. Muňa goşgudyr aýdymlarda hem duş gelinýär. Aslynda, bize ak bolup görünýän hem bolsa, gar suw ýaly reňksizdir. Has dogrusy, aýna ýaly dury bolup, aňyrsy görünýär. Emma gar bölejikleri şöhläni başga taraplara serpikdirip, ony ak reňkli görkezýär.

Uly çille

Ýurdumyzda gyş pasly öz hökümini ýöredip başlady. Ata-babalarymyz bu pasly dörde bölüp, onuň her bölegini häsiýetine, wagtyna görä atlandyrypdyrlar. Ata-babalarymyzyň köp ýyllaryň dowamynda ýöredip gelen milli senenamasy boýunça 7-nji dekabrda garagyş döwri tamamlanyp, 8-nji dekabrdan uly çille başlanýar. Çille — bu pars dilindäki «çil» sözi bilen baglanyşykly bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Şondan bolsa gerek, uly çille hem kyrk gün dowam edýär we ol gyşyň örküji hasaplanýar. Dogrudan-da, 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli bolan döwri alyp görseň, aýazly, sowuk günleriň hut şu döwürde köp bolýandygy äşgärdir. Ýöne käte bu döwürde maýyl günler hem köp bolýar. «Edil ýazyň güni ýaly» diýdirýän şol günlerde maldarlar öňde boljak aýazly günlere taýýarlyk görýär, daýhan hem suw akabalaryny arassalap, gyş suwunyň aladasy bilen bolýar. Garaz, gyşyň maýyl gününi her kim özüçe peýdalanýar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, bu döwürde ätiýajy elden bermeli däl. Her pursatda gyşyň gar-ýagşyna, şatlama aýazyna taýýar bolmaly.

Halk hazynasyndan

Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinde gyşda ýagan ýagyşdan soň, daşlaryň ýüzi ýag çalnan ýaly bolup ýalpyldap dursa, şol ýerde gymmatbaha daşlaryň ýa-da uly möçberde suw gorunyň barlygy beýan edilýär. ***