Bitarap Watanymyz — dillerde dessan

18 Dekabr 2024
99

Asuda, abadan, Bitarap ýurdumyz hemişe bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek-birege düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edip gelýär. Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.

Bitarap ýurdumyz dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara hukugyň umumylykda bellenen kadalary esasynda daşary syýasatda oňyn bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk we ynsanperwerlik, agzybirlik, dostluk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň özeni bolup durýar. Munuň üçin bagtyýar halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.

Çynar TOÝLYÝEWA,
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.