"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Teatr sungatynyň halkara toýy

Düýn —18-nji oktýabrda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Ol teatr sungatynyň ýurdumyzda tutulýan toý-dabaralarynyň başyny başlady. Birnäçe gün dowam etjek bu halkara festiwaly Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Daşary işler ministrlikleri doganlyk döwletler bilen hyzmatdaşlykda guraýar. Halkara festiwal Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu döredijilik çäresine gatnaşmak üçin ýurdumyza Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, şeýle-de Türkiýeden teatr toparlary, ýazyjylar, suratkeşler, muzeý hünärmenleri geldiler.

Medeniýetleriň sazlaşygy

Goşgularymyzda «Medeniýet sözünden ömür gülleýär, medeniýet sözünden döwür gülleýär» diýip beýan edişimiz ýaly, medeniýet sözünden we ruhy gymmatlyk we hazyna bolup durýan medeniýetiň özünden ömürler gülleýär, döwürler gülleýär. Ähli halklaryň medeniýetleriniň arasyndaky sazlaşygyň güýjünden köp halatlarda dürli dillerde ýaňlanýan aýdymdyr goşgulara terjime hem gerek bolmaýar. Şu ýylyň 16-17-nji oktýabry aralygynda geçirilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dowamynda hem biz hut şeýle sazlaşygy duýduk we ýakymly duýgulary başdan geçirdik.

Söz bossany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini halkara derejede öwrenmäge uly mümkinçilikler döredildi. Ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň çäklerinde beýik akyldaryň ömrüni we döredijiligini öwrenýän, goşgular ýygyndysyny dürli dillere terjime eden hem-de dünýä ýaýradan daşary ýurtly magtymgulyşynaslara Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy. Biz daşary ýurtly alymlaryň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan makalalaryndan parçalary okyjylara ýetirmegi makul bildik. Naseem AHMAD ŞAH,Hindistanyň Kaşmir uniwersitetiniň professory.

Ylma baglanan ykballar

Türkmen topragynda kökleri müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhyň şaýady bolan ýadygärlikler dünýä alymlarynyň ünsüni çekýär. Merkezi Aziýada arheologiýa ylmynyň düýbüni tutujylaryň hatarynda atlary ebedileşdirilen Wadim Masson we Wiktor Sarianidi hem Watanymyzyň gadymy taryhyny öwrenmekde uly hyzmatlary bitiren görnükli alymlardyr. 16-njy oktýabrda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde bu iki meşhur alym-arheologyň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşygyň geçirilmegi görnükli alymlara goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen ylmy duşuşyga türkmen we rus alymlary gatnaşdy. Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary bolsa foruma sanly ulgam arkaly goşuldy. Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdy.

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Watan» gazetiniň elektron we kagyz görnüşine abuna ýazylyşyk möwsüminiň başlanandygyny habar berýäris.

Durmuş ugurly hyzmatdaşlyk berkidilýär

Düýn — 17-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga ygtyýarly guramalaryň wekilleri hem-de Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan we Özbegistandan bilermenler, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara statistika komitetiniň, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň, «Garaşsyz Döwletleriň weteranlar (pensionerler) jemgyýetçilik guramalarynyň arkalaşygy» halkara bileleşiginiň utgaşdyryjy geňeşiniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdy. Mejlisde edilen çykyşlarda maslahat beriş geňeşiniň iş alyp barýan 30 ýyla barabar döwrüň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň durmuş ugurly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, jemgyýetçilik we zähmet pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, umumy zähmet bazarynyň döredilmegine, ugurdaş infrastrukturanyň ösdürilmegine möhüm goşant goşandygy bellenildi. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolan Bitarap Türkmenistan dürli ugurlarda Arkalaşyk bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşant goşmagy maksat edinýär. Ýurdumyzyň geçirilýän çärelerdir duşuşykl

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

16-njy oktýabrda paýtagtymyzda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara erk-islege daýanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Bilelikdäki toparyň gün tertibine söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat geljegi uly ugurlaryň hataryndadyr. Işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda-da uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Bilelikdäki ugurdaş çäreleriň yzygiderli geçirilmegi munuň üçin şertleri döredýär. Mejlise gatnaşanlar uzak möhletleýin esasda ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy-tehniki ulgamda, öňdebaryjy tehnologiýalarydyr innowasiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Durnukly ösüşiň röwşen ýoly

16-njy oktýabrda Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşik geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen zehin bäsleşigine sanly ulgam arkaly gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy. Bäsleşigiň geçirilýän ýerinde Watanymyzyň ösüşlerini, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan oba hojalygy pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergi guraldy. Soňra bäsleşik barada maglumatlary özünde jemleýän wideoşekiller görkezildi.

Goý, güllesin türkmen-gazak dostlugy!

Halkymyzda «Dostluk daragty» diýen düşünje bar. Bu düşünjäniň esasynda Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly ýurdumyzda dostlukly hyzmatdaşlyklara uly ähmiýet berilýär. Köp halatlarda myhmanlar bilen dostluk daragtlary oturdylyp, dostluk gatnaşyklarynyň hasam berkemegine ýagşy yrym edilýär. Wagtyň geçmegi bilen şol daragtlar bag bolup, saýa salyp, dowamly gatnaşyklaryň güwäsi bolýar. Gazak dostlarymyzyň ýurdumyzda myhmançylykda bolan günlerinde-de biz hut şeýle duýgulary başdan geçirip, aramyzda bar bolan ýyly gatnaşyklaryň barha berkeýändiginiň şaýady bolduk. Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dabaralara beslendi. Döredijilik işgäri hökmünde onuň açylyşyna-da, ýapylyş dabarasyna-da gatnaşmak bilen, berkeýän dostluga buýsandyk. Aslynda-da, Gazagystan goňşy döwletleriň biri bolup, bu gatnaşyklar öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Muny ýurdumyzyň köp ýerlerinde gazak doganlarymyzyň mesgen tutup ýaşaýandyklary bilen hem düşündirse bolar. Aramgähi Balkan welaýatynda ýerleşýän Gözli ata ady bilen belli bolan beýik şahsyýetiň hem ýanýoldaşynyň gazak bolandygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar. Seýle hem gazak doganlarymyz bilen tutulýan toýlarymyzda-da, bişirilýän naharlarda-da kän-kän meňzeşlikleriň bardygyny göre-göre gelýäris. Toýdur tomgularda olar hem türkmen halky ýaly, saçaklaryny giňden ýazyp, ony bogursak, gatlakly ýaly çörek önümleri bilen bez

Brifing geçirildi

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, akyldar şahyryň hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýän döredijiligine bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Onuň eserleri jebisleşdiriji güýç bolup çykyş edýär. Söz ussadynyň eserleriniň daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edilmegi muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Köp sanly daşary ýurt alymlary şahyryň döredijiligine bagyşlap, ylmy işleri ýazdylar hem-de onuň edebi mirasyny dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşdular. Bu gün Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýäniň halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň ilçisine öwrüldi. Dana Pyragynyň döredijiligi adamkärçiligiň we ahlak päkliginiň nyşany bolup durýar. Şahyr öz goşgularynda watansöýüjilige, ynsanperwerlige çagyrypdyr. Beýik akyldaryň bu taglymlary häzirki nesiller üçin gymmatly miras bolmak bilen, onuň döredijiligi döwürleriň we siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.

Abaý Kunanbaýewiň heýkeli

Görnükli gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ussatlyk bilen bina edilen bu heýkeli häzir mermer paýtagtymyzyň iň bir gözel ýerleriniň birini bezeýär. Mawy giňişlige sary uzap gidýän bu heýkel göýä janly mysaly, seni şygyrly dünýä sary alyp gidýär. Çep eli bilen ähli halklarda-da mukaddeslik hasaplanýan kitaby bagryna basyp, sag eli bilen bolsa haýsydyr bir wakany suratlandyrýan ussadyň bu hereketlerinde nähilidir bir çagyryş bar ýaly duýulýar. Çünki şahyr öňdebaryjy bolup, goşgularynyň üsti bilen halky asuda, bagtyýar günlere çagyrypdyr. Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy Abaý Kunanbaýew Magtymguly atamyz ýaly, dünýä edebiýatynda uly orun tutýan şahyrlaryň biridir. Onuň külli adamzada degişli paýhasly dürdäneleri türkmen okyjylarynyň hem ýüreginde giňden orun aldy. Bu günki günde bu heýkele gözüň düşende, şahyryň «Köp zady bilmäge çalyş!» diýen ýaly paýhaslary ýadyňa düşýär, hakydaňda oýanýar. Döredijilik işgäri hökmünde bu heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşandygym, «Gül ajaýyp sowgatdyr, adamlara jennetden...» diýlip wasp edilen gül desselerini goýandygym üçin özümi iň bir bagtyýar adamlaryň biri hasaplaýaryn.

Söz ussadyna bagyşlanan maslahat

15-nji oktýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasyndaky uly mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi, şeýle-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde maslahat geçirdi. «Magtymguly Pyragynyň mirasy ― parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady» atly maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan, Mejlisinden, jemgyýetçilik guramalaryndan, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekiller gatnaşdylar. Ol, adyndan hem belli bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Çykyşlarda Magtymgulynyň döredijiliginiň tutuş adamzadyň ykbalyna täsirini ýetirýän agzybirlik, jebislik, parahatçylyk taglymatlardygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, 11-nji oktýabrda Aşgabatda ýokary derejede geçen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmekde, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmekde ähmiýetiniň uly bolandygy barada çykyşlarda aýratyn durlup geçildi.

Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi

14-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar eýýäm netijeliligini görkezen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň möhümdigini aýdyp, bilelikdäki meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin alty ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyny bellediler. Şeýle-de duşuşykda durnukly ösüşi üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak babatda milli tejribeleri alyşmak, parlament we kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, zenan parlamentarileriň we ýaş deputatlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň yzygiderli dialog hem-de dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek babatda netijeli meýdança boljakdygy nygtaldy.

Okuw maslahaty geçirilýär

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan guralan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz — ösüşlere beslenýär aýdyň ýolumyz» atly okuw maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Soňra maslahat «Daýanç» sagaldyş we dynç-alyş merkeziniň medeniýet öýünde dowam etdirildi. Maslahatyň maksady awiasiýa we aragatnaşyk ulgamyndaky kärdeşler arkalaşygynyň işini alyp barmakdan we kämilleşdirmekden ybarat bolup, degişli hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Sowal-jogap alşyldy. Soňra maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdirdi.

Wagyz-nesihat edildi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň guramagynda «Lebap» sement zawodynyň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim işgärleri hem-de zawodyň hünärmenleri gatnaşdy. «Döwletli ýörelgelere badalga» diýen at bilen geçirilen duşuşykda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde, döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem ösüp gelýän ýaş neslimizi terbiýelemekde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ähmiýeti hakynda aýtdylar.

Türkmen — mongol gatnaşyklary ösdürilýär

12-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň işine gatnaşmagyna ýokary baha berilýändigi aýdyldy.

Atçylygyň gadymy mekanynda ÝUNESKO-nyň şahadatnamasy gowşuryldy

Halkymyzyň milli buýsanjyna deňelýän ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň netijesinde, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 12-nji oktýabrda ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda kemala gelen Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen maslahatda degişli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide fotosuratlar, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, dürli görnüşli haly we zergärçilik önümleri, atlaryň bezeg şaý-sepleri görkezildi. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çäklerinde geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh 2024-nji ýylyň 10 — 13-nji oktýabry aralygynda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. 2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh (mundan beýläk — taraplar) dostlukly, açyk we işjeň ýagdaýda resmi gepleşikleri geçirdiler hem-de syýasat, ykdysadyýet, oba hojalygy, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki ýurduň raýatlarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, sebitde we halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyklar geçirildi

11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregi goldaýar.

Gatnaşyklar pugtalandyrylýar

11-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz goňşy ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmaga ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.