"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — GDA: ygtybarly hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenilip düzülen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda halkara we sebitara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerine doly jogap berýän gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň netijeli ugurlarynyň biri bolup durýar. 2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Özbegistan Respublikasynyň başlyklygyndaky Garaşsyz Döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň wideomejlisi ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Çärýek asyrdan-da gowrak wagtyň dowamynda GDA-da syýasy-diplomatik iş, howpsuzlyk meseleleri, ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa, oba hojalygy we azyk howpsuzlygy, ylym-bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. Türkmenistanyň 2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna üstünlikli başlyklyk etmegi Arkalaşyga girýän ýurtlaryň netijeli gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de bilelikdäki işiň uly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berdi.

Ynsan saglygy — baş wezipe

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýşyny hil taýdan täze derejä çykardy. Halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, sagdyn iýmitlenmek hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden wagyz etmek, zyýanly endiklere garşy işjeň göreşmek boýunça geçirilýän çäreler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň we her bir raýatyň saglygy, abadançylygy baradaky alada Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Döwlet Baştutanymyzyň işjeň syýasaty netijesinde ýurdumyz ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ugrunda belent ösüşlere ýetdi hem-de uly üstünlikler gazandy.

Milli bank ulgamynyň ösüşleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini çalt depginler bilen ösdürmäge, bu ulgama dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň bank ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda giňden bellenilip geçilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny ýurdumyzyň ähli ulgamlary uly ösüşler we zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Şeýle zähmet üstünlikleri ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamlaryna hem degişlidir. Ykdysadyýetimiziň serişde mümkinçiligini pugtalandyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň bank ulgamy öz tagallalaryny hususy bölegiň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga, zerur bolan tehniki serişdeleri, abzallary we esbaplary satyn almak arkaly oba hojalyk önümlerini öndürijileriň isleglerini üpjün etmäge, fiziki we ýuridik şahslaryň sarp ediş harajatlaryny kanagatlandyrmaga, eksporta gönükdirilen harytlaryň möçberlerini artdyrmaga we import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri karzlaşdyrmaga gönükdirýär. Şeýle hem şahsy taraplara dürli görnüşli karz serişdelerini bermek, bank amallarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak, görnüşlerini artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank» hem-de «Elektron söwda» hy

Sanly ykdysadyýet — ýokary netijelilik

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanmagy türkmen ylmyny hil taýdan täze derejä çykarmaga badalga boldy. Munuň özi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary üçin sabyrsyzlyk bilen garaşylan wakadyr. Bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ylym ulgamyny mundan beýläk-de dünýä derejesinde ösdürmekde, ylmy jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirmekde, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze sepgitleri gazanmaga mümkinçilik berer. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek maksady bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Onuň 1-nji tapgyry 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyry 2020 — 2023-nji ýyllarda we 3-nji tapgyry 2024 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrylar.

Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga we senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ekologiýa diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar. Adalatlylyk, daşky gurşawy gorap saklamak, durnukly ösüş babatyndaky ählumumy ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa diplomatiýasyny häsiýetlendirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe gönükdirilendigini subut edýär.

Ak öýleriň zynaty

Howanyň çigräp başlamagy naýbaşy milli senetçilik önümlerimiziň biri bolan keçäniň durmuş, lukmançylyk we ruhy ähmiýetini has-da artdyrýar. Çünki keçe aýazly gyş aýlarynda özge düşek küýsetmeýär. Boz keçe örtülen altyn başly ak öýleriň içi gor ýaly bolýar. Ojakbaşy keçäniň üstünde dem-dynjyňy alyp, gök çaýdan ganarsyň welin, agyry-ynjyňa-da haýry degip, gök çaý janyňa melhem-derman bolaýar. Keçäniň gözellik dünýäsi-de özboluşly jadyly sungat mysaly. Onuň täsin gülleriniň mazmunyna dili dogaly ene-mamalarymyzyň arzuw-islegleri, ýagty umytlary siňen bolsa, gyralaryna salynýan şar gara ýüňli bölegi diňe bir gözden-dilden däl, eýsem, sähra mör-möjeklerinden hem goraýar. Şoňa görä-de, parasatly pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň arasynda ulanylyş taýdan dürli maksatlara niýetlenip taýýarlanylýan keçe önümlerine uly orun degişlidir. Şondan ugur alnyp, keçe milli senetçiligimiziň sungat derejesine ýetirilen kämil nusgalarynyň biri hasaplanýar. Gülleriniň sazlaşykly utgaşmasyny, kämil tehnologiýa usullaryny ulanyp basylyşyny synlan daşary ýurtly sungaty öwrenijiler bolsa türkmen keçesini ýüňden düzülen mukama deňeýärler.

Hasyl bolan arzuw

Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan Täze ýyl baýramy ýetip gelipdi. Şäheriň köçeleri diýseň owadandy. Oklaw ýaly göni köçeleriň ugrundaky hatar tutup oturan arçalardan başlap, howalanyp duran ak mermerli belent binalaryň öňündäki meýdançada ýörite oturdylan beýik arçalara çenli dürli reňkli çyralarydyr täsin bezegleri bilen ýylpyldaşyp, seredeniň göwnüni göterýärdi. Ençe wagt bäri ýüreginiň töründen ýylpyldap duran umyt uçgunlaryny söndi hasaplap gelýän gyz öýlerine nähili ýeteninem duýmady. Ol aşhanada güýmenip ýören ejesine-de habar gatman, göni öz otagyna girdi. Eşiklerini çalşyp, eline ilen kitaplaryň birini aldy-da, kürsüde ornaşdy. Ýöne kitap onuň ünsüni bölüp bilmedi.

Agyz-burun örtükleriniň ähmiýeti

Köp sanly wirus ýokançlarynyň adamlara ýokuşma ýollarynyň esasylarynyň biri howa-damja ýoly hasap edilýär. Şonuň üçin-de agyz-burun örtüklerini ulanmak wirus ýokançly keselleriň öňüni almakda iň ygtybarly serişdedir. Çünki agyz boşlugynyň suwuklyklarynyň damjalarynyň düzümindäki wiruslar üsgürilende, asgyrylanda 1,5 - 2 metre çenli ýaýrap, başga bir adamyň agyz ýa-da burun boşlugyna düşmek arkaly wirus ýokançly keselleriň ýokuşmasyny döredýär. Wiruslaryň ýaşamagy üçin nemli barda, iýmit we belli bir derejede gyzgynlyk gerekdir. Olar jansyz jisimleriň üstünde uzak ýaşap bilmeýärler. Şonuň üçin agyz-burun örtükleriniň üstüne düşen wiruslar gysga wagtyň içinde ölýärler. Şeýlelikde, keseliň ýokuşma hadysasy ýüze çykmaýar. Lukmançylyk agyz-burun örtükleri diňe bir ýokanjyň däl-de, köpsanly wirusly ýokançlaryň, şol sanda dümewiň öňüni almakda hem ähmiýetlidir. Lukmançylyk agyz-burun örtükleriniň adam saglygy üçin başga peýdalary hem bardyr. Olar adamyň dem alandaky howasyny gyzdyrmakda ähmiýetlidir. Gyş hem-de güýz paslynda daşky gurşawyň howasy sowuk bolýar we dem alnanda, agyz, burun we dem alyş ýollarynyň diwarlarynyň nemli bardasynyň gan damarlarynyň gysylmagyna getirýär. Bu bolsa ýerli nemli öýjükleriň goranyş ukybynyň peselmegine getirýär. Netijede, respirator ýokançlarynyň döremegine şert döreýär. Şeýle ýagdaýyň döremezliginde agyz-burun örtükleri howany gyzdyrýanlyg

Agyz-burun örtükleriniň ähmiýeti

Köp sanly wirus ýokançlarynyň adamlara ýokuşma ýollarynyň esasylarynyň biri howa-damja ýoly hasap edilýär. Şonuň üçin-de agyz-burun örtüklerini ulanmak wirus ýokançly keselleriň öňüni almakda iň ygtybarly serişdedir. Çünki agyz boşlugynyň suwuklyklarynyň damjalarynyň düzümindäki wiruslar üsgürilende, asgyrylanda 1,5 - 2 metre çenli ýaýrap, başga bir adamyň agyz ýa-da burun boşlugyna düşmek arkaly wirus ýokançly keselleriň ýokuşmasyny döredýär. Wiruslaryň ýaşamagy üçin nemli barda, iýmit we belli bir derejede gyzgynlyk gerekdir. Olar jansyz jisimleriň üstünde uzak ýaşap bilmeýärler. Şonuň üçin agyz-burun örtükleriniň üstüne düşen wiruslar gysga wagtyň içinde ölýärler. Şeýlelikde, keseliň ýokuşma hadysasy ýüze çykmaýar. Lukmançylyk agyz-burun örtükleri diňe bir ýokanjyň däl-de, köpsanly wirusly ýokançlaryň, şol sanda dümewiň öňüni almakda hem ähmiýetlidir. Lukmançylyk agyz-burun örtükleriniň adam saglygy üçin başga peýdalary hem bardyr. Olar adamyň dem alandaky howasyny gyzdyrmakda ähmiýetlidir. Gyş hem-de güýz paslynda daşky gurşawyň howasy sowuk bolýar we dem alnanda, agyz, burun we dem alyş ýollarynyň diwarlarynyň nemli bardasynyň gan damarlarynyň gysylmagyna getirýär. Bu bolsa ýerli nemli öýjükleriň goranyş ukybynyň peselmegine getirýär. Netijede, respirator ýokançlarynyň döremegine şert döreýär. Şeýle ýagdaýyň döremezliginde agyz-burun örtükleri howany gyzdyrýanlyg

Sanly ulgamyň gazananlary

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek üçin sanly ulgama geçirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak milli hem-de halkara gymmatlykdyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar. Bu Kararnamanyň kadalary BMG-niň deňlik we dawalary parahatçylykly ýollar arkaly çözmek ýörelgelerine esaslanýan halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça esasy taglymatyna laýyk gelýär. Resminamada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmeginiň parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere, hususan-da syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenilýär.

Ruhy we döredijilik joşguny

Türkmeniň medeniýeti özüniň milliligi, gözelligi, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu günki gün türkmen medeniýetine dünýä derejesinde uly sarpa goýulýar. Mälim bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda — 23-nji dekabrda mähriban Arkadagymyz wideoaragatnaşyk arkaly medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Bu iş maslahatynda öňde durýan wezipeler we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetçilik ösüşiniň özeni hökmünde medeniýete aýratyn üns berip, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmakda-da onuň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar.

Kämil innowasion ösüş

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, tehnologiýalaşdyrmak boýunça öňe sürýän döwlet syýasaty ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň baş şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýeti kemala getirmek, ähli pudaklarda maglumat giňişligini döretmek, döwrebap we iň täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak arkaly ilatyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda sanly reformanyň geçirilmegi — önümçilige iň täze we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy öndürilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyna, ýokary islegden peýdalanylýan gymmaty ýokary bolan harytlaryň öndürilmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizde öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň dünýä bazaryndaky ornunyň berkemeginiň esasy şerti bolup durýar.

Bagtly günler ýardyr mydam ilime

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, eziz Diýarymyz ösüşli ýollarda bedew bady bilen öňe barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasyp sowgatlar bilen garşylandy. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça ýetilen sepgitleriň, durmuşa geçirilýän beýik işleriň sanasaň sogaby kän. Halkymyzyň asuda, parahat ýurtda bagtyýar ýaşamagy üçin alnyp barylýan işler günden-güne, ýyldan-ýyllara has-da belent derejelere ýetýär. Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan adyl syýasaty, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek we her bir raýatyň iş, okuw, ýaşaýyş şertleriniň öňküden-de gowulanmagy babatda gol çekýän Kararlarydyr Permanlary halkymyz tarapyndan goldanylýar. Her ýylyň başynda zähmet haklaryny, talyp haklaryny, döwlet kömek pullaryny, pensiýalary 10 göterim galdyrmak barada karar kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan däbe öwrülip durmuşa geçirilýän bu işler halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär we şeýle bagta mynasyp bolan ildeşlerimiz mähriban Arkadagymyzyň adyna bolan alkyşly sözlerini dile getirýärler:

Milli ykdysadyýetiň daýanjy

Häzirki wagtda ýurdumyzda hojalygy alyp barmagyň bazar ulgamynyň emele gelmegi ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda telekeçilik işjeňliginiň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Bazar gatnaşyklaryny emele getirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumynda, önümçiligiň we dolandyrmagyň pudak hem-de sebit düzümini kämilleşdirmekde, zähmet gorlaryny netijeli peýdalanmakda, harytlara we hyzmatlara bolan islegleri has doly kanagatlandyrmakda kiçi, orta kärhanalaryň ulgamyny ösdürmek uly ähmiýete eýedir. Bazar gatnaşyklaryna geçmekde telekeçiligiň ähmiýeti ykdysadyýetde bäsdeşlikli bazary emele getirmek we ösdürmek, ylmy-tehniki ösüşe üns berýän hem-de täze iş orunlaryny döredýän ýöriteleşdirilen pudagara önümçilikleri hem-de innowasion kärhanalaryň ulgamyny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Innowasion ösüşli döwürde ykdysadyýetiň telekeçilik işinden üzňe hereket etmegi mümkin däl. Telekeçilik işi bolsa hereket edýän kanunçylyk esasynda özbaşdak, üznüksiz peýda almaga gönükdirilen, emlägi ulanmak, harydy satmak, iş we hyzmat etmek bilen baglanyşykly kanunda rugsat berilýän hem-de kanunda görkezilen tertipde bellige alnan işdir.

Melhemler mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzy ösdürmegiň in zerur ugurlarynyň biri hökmünde ýurtda saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, onuň maddy binýadyny döwrebap derejede pugtalandyrmaga, bu ugurda degişli hünärmenleriň taýýarlygyny dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen saglyk syýasatyny aýratyn uly orunda goýýar. Döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adam saglygyny gorap saklamak ugrunda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýa-da «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen halk pähimlerine eýerýär we bu parasatly pähimleriň hakyky mazmunyny iş ýüzünde amal edýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda ulanmaga berlen hem-de gurulýan lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlaryna laýyk gelýän, dünýäniň iň kämil, iň täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan keselleri anyklaýyş merkezleri, Saglyk öýleri, şypahanalar, bedenterbiýe we sagaldyş merkezleri, suw çüwdürimleri, stadionlar, sport toplumlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy aňryýany bilen subut edýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny berkitmekde tebigy serişdeleri giňden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýär. Ilki bilen bu ugurda Gahryman Prezidentimiziň köp ýyllyk ylmy gözlegleriniň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserini agzamak ýerliklidir.

Parahatçylygyň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny ýola goýmak wezipelerini döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürdi. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan däplerini bu gün ýaşlarymyz mynasyp dowam edýärler. Munuň özi berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem türkmen sportuny hemmetaraplaýyn ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak adamy ýaramaz endiklerden saplaýar. Sazlaşykly ösüşiň esasy bolan beýik ahlak we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarly bolmagy üpjün edýär.

Ylham joşguny

Taglymatyň gül açyp, dünýä doldy owazaň Eý köňüller hoşgähi, gurduň ajap zamanaň,Dünýäniň ýüreginde dost-doganlyk salamyň.Durmuşyma pelsepe her bir aýdan kelamyň,Köşküň-tagtyň rowandyr,                                      Ak ýollaryň dowamdyr,Jahana röwüş berýär şan-şöhratyň, owazaň.

Rysgal-döwletiň nyşany

Uly ruhubelentlige we şatlyk-şowhuna beslenip gelen Täze — 2021-nji ýyl gadymy Gündogar senenamasy boýunça sygyr ýylyna gabat gelýär. Dünýä taryhynda uly yz galdyran Oguz türkmenleriniň döwrüne degişli taryhy çeşmelerde Oguzlaryň hojalygynda maldarçylygyň uly orun tutandygy köp gezek ýatlanylýar. Dana pederlerimiz ähli döwürlerde hem tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, onuň beren baýlyklaryndan aýawly peýdalanyp gelipdirler. Etinden, süýdünden dürli görnüşli azyk önümleri taýýarlanylyp, derisinden egin-eşikler we esbaplar ýasalan iri şahly mallar ekerançylyk işlerinde hem giňden peýdalanylypdyr. Umuman sygyr, öküz ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan halklaryň durmuşynda bereket-bolçulygyň, egsilmez kuwwatyň nyşanyna öwrülipdir.

Arassaçylyk we sagdyn iýmitlenmek

Arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgesi abadan ýaşaýşyň girewidir. Arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi ýokanç kesellerden goranmagyň esasy tärleriniň biridir. Gyş paslynyň gelmegi bilen, möwsümleýin döreýän ýokanç keselleriň aralaşmagy raýatlary has-da ätiýäçly bolmaga borçlandyrýar. Şahsy goranyş serişdeleri bolan agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmek ýokanç keselleriň bedene aralaşmagynyň öňüni almagynyň wajyp şertidir.