"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Geljegi nazarlaýan taslamalar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynda ulag-aragatnaşyk we elektroenergetika ulgamlarynda iri sebitleýin taslamalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý demir ýol şahasy, kuwwatlylygy 500 kW bolan Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamy, şeýle hem Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bellemek bolar. Taraplaryň gatnaşmagynda energetika, ulag-aragatnaşyk ýaly möhüm pudaklarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi doganlyk ýurduň syýasy durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de dünýä hojalyk ulgamyna üstünlikli goşulmagyna ýardam berer. Anyk mysallara ýüzlenip aýdylanda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny, «Lapis-Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesini, şeýle hem Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) we Kerki (Türkmenistan) — Ymamnazar (Türkmenistan) demir ýol şahalaryny aýratyn nygtamak bolar. Bu halkara taslamalary doganlyk ýurduň halkara giňişligindäki eýeleýän ornunyň barha ýokarlanmagyna ýardam berer.

Watan goragy mukaddesdir

Goja heňňamyň bir hakykaty bar — iň eziz, mukaddes hasaplanylýan zatlar mydama goralyp gelinýär. Şol mukaddeslikleriň ilkinjileriniň hatarynda eziz Watan durýar. Çünki Watan — ynsanyň göbek ganynyň daman mekany, önüp-ösen mesgeni. Hut şonuň üçin-de Watan mukaddes hasaplanylýar, keramatlyk derejesinde sarpalanýar. Şeýle mukaddesligiň goragynda durmak-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Şeýle jogapkärçiligi egnine alan, döwlet tarapyndan ynanylan belent wezipäni berjaý edýän Milli Goşunymyzyň şahsy düzümi Watan goragçylarynyň gününi bütin halkymyz bilen bilelikde dabaraly belläp geçýär. Watan goragçylarynyň güni her ýylda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilýän şanly seneleriň biri. Ähli zatlaryň Watandan başlanyşy ýaly, Watan goragçylarynyň gününiň-de ýurdumyzda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilmegi hem özboluşly mana eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Watan başymyzyň täjidir!» diýen parasatly jümlelerini atalyk pendi hökmünde kabul edýän harby gullukçylar özleriniň baýramçylyklaryny her ýyl mynasyp derejede belleýärler. Mert pederleriň ruhy bardyr köňülde

Merdanalyk mekdebi

Mukaddes Watany söýmegi, onuň bir bölegidigiňe guwanmagy, ene topragy gözüň göreji deýin gorap, ata ýurduň mertebesini beýgeltmegi körpelikden kalbyma guýan kakam pahyr bolupdy. Ol heniz men dünýä inmänkäm, Beýik Watançylyk urşunda bir elini aldyryp gelen ekeni. Oglanjykkam kakamyň boş ýeňini görüp, munuň sebäbi barada soranym, şu günki ýaly ýadymda. Şonda kakam çaga düşnükli boljak sözler bilen Watany goramak üçin gerek bolsa, şirin janyňy hem aýamaly däldigini düşündiripdi.

Bagtymyzyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan şol iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylda öňde durýan belent maksatly wezipeleri kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary Garaşsyz ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biri, aýratyn-da medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri üçin aýdyň ugur-ýol görkezijidir. Garaşsyz ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gazanylýan ösüşler, oňyn özgertmeler eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň daşary hem içeri syýasatda alyp barýan parasatly ýörelgeleri halkymyza gülläp ösüşiň miwelerini eçilýär, mukaddes Garaşsyzlygy tug edinen türkmen döwletiniň at-abraýyny dünýä ýaýýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, milli maksatnamalar, durmuşa geçirilýän taslamalar döwlet Baştutanymyzyň adam hakdaky aladalaryndan gözbaş alýar. Şonuň üçin hem halkymyz asuda durmuşda, parahat ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýar.

«Ýunus, seniň sözleriň manydyr bilenlere...»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köp asyrlyk milli medeniýetimiziň gaýtadan dikeldilýändigi, ata-babalarymyzyň nesillere goýan edebi mirasynyň täzeden öwrenilip, dünýä ýaýylýandygy halkymyzyň dünýäsine nur saçýar. Türkmen halkynyň köp asyrlyk geçmiş edebiýatynda göýä bilbil bolup saýrap, owazyny çeper sözüň üsti bilen jümle-jahana ýaýanlaryň biri-de beýik söz ussady Ýunus Emredir. Ýunus Emräniň edebiýat äleminde baky ýaňlanyp duran sesi kalplara dolanda, ruhy medeniýetimiziň howandary hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda ylmy we çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdy» diýen parasatly sözleri kalplara dolýar.

Şygryýet älemi

Guwanjym sen, Aşgabat! Gül Watanmyň ýüreginiň owazy,Guwanjym sen, buýsanjym sen, Aşgabat!Goýnuňda bark urýar dagyň howasy,Guwanjym sen, buýsanjym sen, Aşgabat!

Saglygyňy goramak üçin

Saglyk her adamyň we onuň ýaşaýan jemgyýetiniň baýlygydyr. Ata-babalarymyz: «Saglygym — begligim» diýip aýdypdyrlar. Sagdynlyk ynsana durmuşda oňyn mümkinçilikleriň birnäçesini döredýär. Şu nukdaýnazardan ynsan öz beden we ruhy sagdynlygy barada yzygiderli alada etmelidir. Keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň aňsatdygy hakynda hemişe aýdylyp gelinýär.

Energetika hyzmatdaşlygynda möhüm tapgyr

21-nji ýanwarda paýtagtymyzda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşinde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtady.

Dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge taýýarlyk

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenilen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherçesinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Ösüşiň täze menzilleri

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz hem şowly ädimler bilen başlady. Uly halkara taslamalary durmuşa geçirilip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly goňşy ýurtda Gahryman Arkadagymyzyň ýardam bermeginde gurlan Akina — Andhoý demir ýolunyň, kuwwaty 500 kilowolt bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy aralygynda halkara üstaşyr akymlaryny üpjün etmek üçin optiki-süýümli ulgamlaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýylyň başynda ösüşlere badalga beren möhüm waka boldy. Milli Liderimiz Lebap welaýatyna iş sapary mahaly «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň dabaraly açylyşyna-da gatnaşdy. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagynyň, desgalaryň işe girizilmeginiň aňyrsynda diňe bir iki ýurduň ykdysady bähbitleri bolman, eýsem, hormatly Prezidentimiziň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatdaky ynsanperwer maksatlary bar. Gündogarda giň ýaýran nakyllaryň birinde «Goňşyňda gül gögerse, ysy saňa ýeter» diýilýär.

Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

Ata-babalarymyzyň beýik ynsanperwer däplerine esaslanyp, Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygyň, durnuklylygyň gazanylmagy üçin ýörite işlenip taýýarlanylan medeni-ynsanperwer maksatnamanyň çäklerinde yzygiderli ýardam edýär. Ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna saglyk öýleri, hassahanalar, orta mekdepler, metjitler gurlup ulanylmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurtlarymyzyň ykdysady taýdan ösmegine, türkmen we owgan halkarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän ýylymyzyň başynda goňşy döwletde energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat düzümlerini berkitmäge niýetlenen Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu giň möçberli taslamalar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň Owganystana amatly bahadan eksport edilmegi goňşy döwletde durmuş şertleriniň gowulanmagyna goşant goşar. Täze elektrik geçiriji ulgam goňşy halkyň öýlerine nur çaýmak bilen bir hatarda, ýurtda durmuş maksatly täze desgalaryň gurulmagyna, önümçilik kärhanalarynyň döredilm

Belent sepgitleri nazarlap

Bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da berk jebisleşip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Däp boýunça ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyzyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň biri bolar. Çünki bu ýylda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene hem şu ýylda uly toý-dabaralara beslenip, giňden bellenip geçiler. Arkadagly ýurdumyzda ýyllarymyz biri-birinden zyýada bolup gelýär. Her ýyl beýik ösüşlere beslenip, raýatlaryň kalbyna egsilmejek şatlyk bagyşlaýar.

Ylym-bilim — beýik daragt

Ylym-bilim ýolumyza şugla saçýan uly daragt. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Diýarymyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we onuň ornuny pugtalandyrmak, ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini işe ornaşdyrmak üçin hemme şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr» diýip belleýşi ýaly, mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlaryň dünýä gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar.

Saglyk

Dürli ýokançlardan we zyýanly tozan bölejikleriniň ýetirýän täsirinden goranmak üçin: — agyz-burun örtüklerini dakynmak;

Mukaddes borjumyz

Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň parahatçylyksöýüjilik we merdi-merdanalyk, gahrymançylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Merdana pederlerimiziň mertlik mekdebiniň dowamaty bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri goranyş häsiýetli, söweşjeň ukyply milli goşunymyzdyr. Şeýle kämil goşunda gulluk edip, ýurdumyzyň goranmak ukybyny artdyrmak, döwletimiziň asudalygyny, halkymyzyň parahatçylygyny goramak ýaly mukaddes borjy amala aşyrýan Watan goragçylarymyz hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda aýratyn üns we alada bilen gurşalandyr. Eziz Arkadagymyzyň giň gerimli harby özgertmeleri netijesinde milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Eziz Arkadagymyz Watan goragçylarynyň maddy we ruhy üpjünçiligini sazlaşykly guramagyň netijeli ugurlary bilen birlikde, milletimiziň adyny edermenlikleri bilen taryhyň altyn sahypalaryna ýazan gahryman serkerdelerimiziň şöhratly däplerini wagyz etmekde, watansöýüjiligiň we serkerdelik tälimleriniň belent nusgasyny görkezmekde bahasyna ýetip bolmajak işleri amala aşyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby uçary dolandyrmakda, söweşjeň tehnikalara ussatlyk bilen erk etmekde, nyşanany dürs urmakda we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp

Möhüm ugurlara garaldy

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Maslahatda Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleri öz gözegçilik edýän sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşyklary, durmuş maksatly wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi özgerýär

18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Dünýä meşhur bu kompaniýanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen iri möçberli gurluşyk taslamalarynyň ençemesine işjeň gatnaşmagy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň hem-de Türkmenistanyň we Fransiýanyň uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda ýola goýýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň derejesi — islendik ýurtda ilatyň durmuş derejesiniň, onuň döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biridir. Bu ulgamda esasy kadalar döwletiň işini ynsan ölçegi, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen düşünje bilen kesgitlenýän baý mazmuna eýe edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Ömrüň manysy

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» atly bölüminde «Ömrüň manysy — Watanyň parahatçylygynda» diýlen jümle bar. Diňe bir şu jümläniň özi hem ata Watanymyzda asudalygyň, abadançylygyň, parahatçylygyň höküm sürmeginiň ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin bahasyny hiç bir gymmatlyk bilen deňäp bolmajak egsilmez baýlykdygyny aňladýar. Şeýle hem bu kitaby eline alyp, okap başlan islendik okyjynyň bar ünsüni özüne çekýän bu ajaýyp eserde beýan edilýän rowaýatlar, öwüt-nesihatlar diňe bir halkymyz üçin däl-de, tutuş dünýä ýüzüniň halklaryny agzybirlige, dost-doganlyga, abadan durmuşda ýaşamaga çagyryşdyr. Her bir ynsanyň dünýä inip, göbek ganynyň daman topragy, howasyndan dem alyp kemala gelen mekany hasaplanýan Watanynyň öňünde öz perzentlik borjuny ödemegi ata-babalarymyzyň döredip giden mukaddes ýörelgeleriniň özenidir. Şol mukaddes ýörelgeleri häzirki bagtyýarlyk eýýamymyzda ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmekde, ertirki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu ajaýyp eser gymmatly gollanmadyr. Kitabyň ady agzalan bölüminde ata Watanyň gymmatlygy, ene topragyň keramatlydygy baradaky rowaýatlaryň ençemesi yzygiderlikde ýerleşdirilipdir. Şeýle alyp göreniňde, bu rowaýatlar bir-biriniň dowamy ýaly görünse-de,

Belent maksatlary nazarlap

Ynsanperwerligi baýdak edinip, taryhyň ähli döwürlerinde goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklan halkymyzyň dünýägaraýşynda goňşuçylyk gatnaşyklary aýratyn orun eýeleýär. Arkadag Prezidentli türkmen döwleti ata-baba ýörelgelere ygrarly bolup, bu günki gün dünýäniň ýakyn-u-alys illeri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberindäki ýüzlenmelerinde we iri halkara forumlardyr maslahatlardaky çykyşlarynda öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn garşylanyp, uly goldaw tapýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň hatarynda yklymyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürip, gadymy kerwenlere geçit beren Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek hem-de energiýa serişdeleriniň elýeterliligini üpjün etmek wezipeleri aýratyn orny eýeleýär. Türkmen — Hytaý we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijileri, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan halkara elektrik geçiriji ulgamy, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly we ýurdumyzyň çäginde gurulýan beýleki polat we awtomobil ýollary, deňiz-derýa we howa ulaglary üçin döredilýän döwrebap düzümler muňa şaýatlyk edýär.