"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, ýapon-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Işewürlik maslahaty geçirildi

16-njy dekabrda paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi. Işewürlik maslahatynda türkmen tarapynyň wekilleri şu gezekki sapara ýurdumyzda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändikleriniň nyşany hökmünde garalýandygyny bellediler.

Türkmen — ýapon komitetiniň mejlisi

16-njy dekabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, maliýe-maýa goýum gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly bilelikdäki taslamalar, önümçilik hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iki tarapdan hem işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi.

Ilçiler işe başlady

13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, iki ýurduň halklarynyň umumy ruhy, medeni-taryhy gymmatlyklary arkaly baglanyşýan Özbegistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Diplomat pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Arkadag şäheri — nusgalyk şäher

14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň adyndan Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän günlerinde mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglary bilen tüýs ýürekden gutladylar we berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Baş arçanyň yşyklary ýakyldy

Diýmek, Diýarymyza Täze ýyl gelýär 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy.

Türkmenistan — Eýran: möhüm pudakdaky hyzmatdaşlyk

Düýn — 16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi we Türkmen-eýran işewürlik maslahaty öz işine başlady. 18-nji dekabra çenli dowam edýän forumda dostlukly ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynda we azyk senagatynda gazanylan üstünlikler we tejribeler tanyşdyrylýar. Däp bolşy ýaly, forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle-de işewürler gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bu giň möçberli çäreleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly itergi berjekdigine berk ynam bildirilýär.

Durdy Durdyýew — Ýylyň parlak ýyldyzy

Uly üstünlikler bilen tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze zehinleri ýüze çykarmaga, olary döredijilige höweslendirmäge, häzirki zaman aýdym-saz sungatyny ösdürmäge gönükdirilen bäsleşikler yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirildi. Onuň birinji ýeňijisi Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewadyr. Şeýle hem geçen ýyllaryň dowamynda Züleýha Kakaýewa, Begenç Çaryýew, Ahmet Atajanow, Nurýagdy Rejepow, Atajan Berdiýew, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa ýaly birnäçe zehinli aýdymçylar «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada mynasyp bolupdylar.

Çekseň zähmet, ýagar rehnet

10-njy dekabrda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlananlara Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy. Olaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatlar, döredijilik, medeniýet we sungat, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, maliýe, söwda, bank, ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýa pudaklarynyň wekilleri bar. Munuň özi Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda sylaglara mynasyp bolanlar üçin ýatdan çykmajak ajaýyp waka öwrüldi.

Goşa şatlyga beslendi

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň — Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenbaşy şäheriniň iň gözel künjeginde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady — jemi 300 hojalyga niýetlenip, täze gurlan bäş sany, her biri dört gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybaratdyr. Binagärlik babatda özboluşly gözelligi emele getirýän bu täze jaýlaryň açylyş dabarasyna welaýat, Türkmenbaşy şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylarydyr jogapkär hünärmenleri, medeniýet we sungat ussatlary, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdy. Täze jaýlaryň açylyş dabarasynda çykyş edenler bu ýere ýygnananlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna mynasyp bu şatlykly waka bilen gyzgyn mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy maksatlarymyň biri bolar» diýip aýdan sözleriniň hakykat ýüzünde myrat tapýandygyny aýratyn nygtadylar. Ýokary hil talaplaryna laýyk gurlan öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalara eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagynyň hatyrasyna

Baýramçylyk saçaklaryňyz bereketli bolsun!

Her bir ynsanyň sabyrsyzlyk bilen garaşyp, arzylaýan Täze ýyl baýramçylygyna döwlet derejesinde taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bazarlarda we söwda merkezlerinde azyk bolçulygyny döretmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Gök-bakja önümleriniň köpdürlüliginde bolsa tutuş ýylyň dowamynda zähmet çekip, der döken babadaýhanlarymyzyň yhlasy duýulýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginiň bazarlarydyr söwda merkezleriniň adamsy has-da artdy. Çünki her bir maşgala Täze ýyl saçagyny bezemäge häzirden uly taýýarlyk görýär.

Ylham ýaýlasy

Magtymguly hakda gürrüň edilse... Ýagşylykdan başga pikir etmeýän,Magtymguly hakda gürrüň edilse.Şu günümden ertirime ätleýän, Magtymguly hakda gürrüň edilse.

Akyldar şahyryň döredijiligini öwrenen akademik

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzadyň ruhy genji-hazynasyna öwrülen eserleri halkymyzy, ýurdumyzy dünýä tanadyp gelýän mirasymyzdyr. Şahyryň döredijiligini dürli döwürlerde, dürli ýurtly alymlar öwrenip gelipdir. Olaryň arasynda ýatlanmaga mynasyplaryň biri-de filologiýa ylymlarynyň doktory, akademik Baýmuhammet Garryýewdir. Baýmuhammet Garryýewiň bize miras goýup giden ylmy mirasy bilen ýakyndan tanyş bolanymyzda onuň ömrüniň 67 ýylynyň 52 ýylyny ylma, hususan-da, türkmen ylmynyň ösmegine we dünýä ýaýylmagyna bagyşlandygyny görmek bolýar. Ol Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge girişen alymlaryň ilkinjileriniň biridir. Akademik şahyryň döredijiliginiň gaýry döwletlerde tanymal bolmagy ugrunda-da uly erjellik görkezen alymdyr. Onuň ylmy işleriniň aglabasy Magtymgulynyň köpugurly döredijiliginiň dürli ugurlaryny açyp görkezýär. Akademik Magtymgulynyň umman ýaly döredijiligini düýpli öwrenmek bilen ençeme ylmy makalalary hem-de kitaplary ýazýar. Magtymguly Pyragy — söz ussady, onda-da döredijilikde deňi-taýy bolmadyk söz ussady. Onuň şygyrlaryndaky birnäçe setirler atalar sözüne ýa-da nakyla öwrülmek bilen, bu günki gün ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şu ajaýyp jümleler hem geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynda ýaş alymy özüne bendi edýär. 1939-njy ýyldan başlap, Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek Baýmuhammet Garryýewiň üns merkez

Täze ýylyň bezegi

Täze ýyl diýlende, ilki bilen, baýramçylyk arçasy göz öňüňe gelýär. Köp ýurtlarda dekabr aýynyň gelmegi bilen seýilgählerde, dynç alyş merkezlerinde we köçeleriň ugrunda bezelmegi däbe öwrülen Täze ýyl arçalary peýda bolýar. Ilki başda miweler bilen bezelen arçalar soňlugy bilen oýnawaç satýan dükanlaryň başlangyjy bilen ýalpyldawuk şarjagazlar, oýnawaçlar hem-de ýanyp-öçýän çyrajyklar bilen bezelip başlanýar. Eýsem, arça bezemek däbi nireden gözbaş alýar? Gadymy döwürlerde adamlar tebigy durmuşda ýaşap, agaçlaryň miwesini iýipdirler, çybyklaryndan çatma, bukalgalar gurupdyrlar. Umuman, tebigatda adama iň ýakyn zat agaç bolupdyr. Ilkidurmuş adamlary agaçlarda bir güýjüň, gudratyň bardygyna ynanypdyrlar.

Bitaraplyk binasyna gül desseleri goýuldy

12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şundan ugur alyp, ýurdumyz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hemişelik Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri esasynda ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri — Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek babatda-da zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk konsertine gatnaşdy

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Möhüm meselelere garaldy

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Mejlisiň barşynda, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Ynsanperwerligiň dabaralanýan ýurdunda

hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi.

Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy. Hormatly Arkadagymyz Halk Maslahatynyň gün tertibindäki wezipeleri, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka ýetirmekde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini ilerletmekde, ýaşlary milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň uly goldaw berýändiklerini belledi.

Milli ykdysadyýetiň strategik pudagy

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, ýurdumyzda nebitgaz we geologiýa pudagy halk hojalygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz Watanymyzda nebitgaz senagatyna milli ykdysadyýetiň strategik pudagy hökmünde garalyp, ony ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda energiýa serişdeleri bilen diňe bir içerki sarp edijileri däl, eýsem, daşarky bazary hem ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürmegiň, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna dürli ugurlar boýunça çykarmagyň wajypdygyny belleýär. Şu maksat bilen, nebitgaz toplumynda ylmyň we tehnikanyň iň täze, öňdebaryjy gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar. Nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmegi işjeňleşdirmegiň usullary köpugurly bolup, tehniki, tebigy, önümçilik, ykdysady we beýleki sebäplere görä, belli bir usuly saýlap almak ylmy taýdan doly esaslandyrylmagy talap edýär. Gözleg-barlag işleri döwründe nebiti, gazy çykarmakda, olary içerki we daşarky sarp edijilere ibermekde ulag-logistika ulgamynda daşky gurşawy goramak, sebitde ekologiýa abadançylygy üpjün etmek bilen bagly işler elmydama üns merkezinde saklanýar. Ählumumy metan boýunça