Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi
10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi. Nygtalyşy ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň ikisi bilen resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmak bilen, Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk, özygtyýarlylyk ýörelgelerine eýerip, halkara syýasatda wajyp orny eýeleýär. Halkara hukuk tertibini berkitmäge çalyşmak bilen, biz BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris hem-de ählumumy dolandyryşyň köppolýarly ulgamyny ösdürmek we bu guramanyň maksatlaryny, Tertipnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda çykyş edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.