Dabaraly maslahat geçirildi

10 Dekabr 2024
177

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň guramagynda etrabyň işjeň partiýa agzalarynyň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň we ak saçly eneleriň gatnaşmagynda Esenguly etrap häkimliginde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitarap ýurt, Berkararlygyň goşa ganaty» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasaty netijesinde, parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň syýasy, ykdysady, medeni taýdan barha pugtalanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem çykyş edenler berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän, parahatçylygyň we ylalaşygyň üpjün edilmegine hem-de berkidilmegine gönükdirilen oňyn halkara gatnaşyklary eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da belende göterýär diýip bellediler.

Söhbetgylyç GYLYJOW,
TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň başlygy.