"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Parlament diplomatiýasy berkeýär

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ählumumy howpsuzlygy, özara ynanyşmagy, abadançylygy we ynsanperwerligi üpjün etmek maksady bilen, dünýä ýurtlary we halkara hem-de sebitleýin guramalar bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn yzygiderli ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyz 2014-nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen syýasy, ykdysady, daşky gurşawy goramak hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Durnukly ösüş ugrunda

Gadymyýetde halklary we medeniýetleri baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen türkmen topragy häzirki döwürde-de yklymlary biri-birine baglaýan ulag-üstaşyr merkeze öwrülýär. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça döwrebap düzümleri bilen tanalýan ýurdumyzyň mümkinçilikleri halkara giňişliginde uly gyzyklanma döredýär. 26-27-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly III halkara maslahat we sergi bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekili Aşgabatda jemlän iri halkara forumda ulaglaryň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmak, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, durnukly, inklýuziw ulag ulgamlary boýunça netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak, pudaga «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, ekologik taýdan arassa logistikany goldamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bizem halkara foruma gatnaşyjylaryň käbirleriniň beren gyzykly gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Li SININ,Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang» kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary we esasy inženeri:

Çaga oýunlarynyň ähmiýeti

Türkmen halkynyň milliligini açyp görkezýän köp sanly däpleri, ýörelgeleri, şeýle hem gymmatlyklary bar. Olaryň ählisi hem terbiýeçilik ähmiýetlidir. Çünki halkymyz terbiýe meselesine, aýratyn hem, çaga terbiýesine aýratyn üns berýär. Halkymyz tarapyndan çagalar üçin milli oýunlaryň ençemesi döredilip, olar biziň günlerimize hem gelip ýetipdir. Milli oýunlaryň köpçülik, iki-üç, diňe gyzlar ýa-da oglanlar, gyz-oglan bilelikde oýnalýan, hereketli we az hereketli görnüşleri bar. Bularyň hemmesi hem çagalaryň birek-birek bilen dostlukly gatnaşyk etmek ukybyny kämilleşdiripdir. Geljekde adamlar bilen gatnaşmagyň iň gowy ýörelgelerini öwredýän milli çaga oýunlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol oýunlar türkmeniň nesil terbiýesinde uly bir mekdep bolup hyzmat edip gelýär. Halkymyz milli oýunlaryň oýnalyş düzgünlerini çaga terbiýesine gönükdirmegi başarypdyr.

Halkara olimpiada üstünlikli geçirildi

Düýn — 29-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiýa tehnologiýalarynyň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň ýapylyşy hem-de halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu halkara olimpiadasyna Russiýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden we ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynyň 21-inden talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşdy.

Saglyk — baş baýlyk

Döwletimizde her bir raýatyň saglygy baradaky alada ilkinji orunda durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýokanç keselleriň düýpgöter ýok bolmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesliň berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagy, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy ugrunda uly tagalla edýär. Saglyk ulgamynyň işgärleri tarapyndan ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmek barada yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şunda «Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlary bilen tanyşdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

25-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senator Stiw Deýnsi kabul etdi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hormat goýmak, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Ol syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialog görnüşinde alnyp barylýar. Söwda-ykdysady ulgam hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir.

Iş maslahaty geçirildi

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

BAE-niň wekilleri bilen duşuşyk

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri uzak möhletli we köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň, ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy üstünlikli utgaşdyrýar hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw berýär.

Täsirli geçen duşuşyk

Golaýda Boldumsaz etrap häkimliginde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti etrabyň jemgyýetçilik guramalary, degişli pudaklar bilen bilelikde gurady. Bu çäre 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaklyga we onuň nyşanyny kesgitlemäge bagyşlandy. Oňa Boldumsaz etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň, degişli pudaklaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we bagtyýar ýaşlar gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda, geljek ýyly döwrebap atlandyrmak we nyşanyny kesgitlemek boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, halkymyzyň şu maksat bilen bagly tekliplerini öwrenmek, ýerlerde maslahatlary, duşuşyklary geçirmek guralan wagyz-nesihat çäresiniň esasyny düzdi. Onda çykyş edenler geljek ýylyň şygarynda döwletimiziň berkararlygyny, halkymyzyň jebisligini, bagtyýar durmuşyny şöhlelendirmegiň möhümdigini bellediler.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Pyragynyň arzuw eýlän Watany,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!Bagtyýar döwürde ak daň atany,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym! Belent Tugum al-asmanda parlaýar,Asudalyk bize bagt paýlaýar, Gözel yurdum bagy-bossan, gülleýär,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Aşgabatda halkara ulag-logistika forumy geçirilýär

Şu gün — 26-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly III halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Milli parlamentde

Täze tebigy gaz akymy alyndy

«Galkynyş» gaz känindäki 265-nji belgili ulanyş guýusynda 4485 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4417 — 4281 we 4266 — 4226 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy. Burawlaýjylaryň bu işde netijeli, şol bir wagtda-da ýokary hünär derejesini talap edýän çylşyrymly tehnologiýalary ulanýandyklary bellärliklidir. Gorlary boýunça ägirt uly, tehniki görkezijileri babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan «Galkynyş» gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Munuň özi tebigy gazyň gorlary babatda dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklaýar.

Medeni wakalar

Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şunda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Gazanylan üstünlikler giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli sungatyny giňden wagyz etmek, dünýä halklaryny medeniýetde we sungatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň däp-dessurlaryny, milli medeniýetini öwrenmek we olar bilen tanyşmak üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri birnäçe ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri we paýtagtymyzda dostlukly ýurtlaryň şeýle çäreleri geçirildi. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri we beýleki medeni çäreler guraldy. Halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmekde, dost-doganlygy kemala getirmekde, Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda bu çäreleriň ähmiýeti uludyr.

Ygtybarly ösüşiň bähbidine tagallalar

Häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda işlenip taýýarlanylan Ählumumy Gün tertibiniň strategik ugurlarynda, şol sanda ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barha giň gerime eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde dünýä halklarynyň bähbidini nazarlaýan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz ygtybarly we howpsuz ulag-üstaşyr düzümini döretmek arkaly özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalary öňe sürýär. Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça döwletimiziň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän bu taslamalar ýurtlaryň arasynda ähli ugurlar boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak babatda öňe süren başlangyçlary möhüm ädime öwrüldi. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi boýunça taslama

Logistika: şanly seneler, üstünlikler, taslamalar

Diýarymyzda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iri halkara forumlar yzygiderli geçirilýär. 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat, 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Awazada guralan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat şolaryň iň möhümleridir.

Ählumumy parahatçylygyň kepili

Her bir döwletiň özüniň milli baýramçylygy hökmünde taryhyna giren seneleri bolýar. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan güni hem ýatdan çykmajak seneleriň biri bolup, şanly taryhymyzyň şöhratly ýyly boldy. Mundan 29 ýyl ozal, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine ýetdi. Şol wagt dünýäde çylşyrymly syýasy wakalaryň höküm sürýändigine garamazdan, biziň döwletimiz iň uly we hormatly derejä mynasyp bolmak bilen, dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan we onuň şol wagtky düzümine girýän 185 döwletiň ykrar etmeginde Bitarap döwlet boldy. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Dünýäde ýeke-täk we ilkinji gezek Milletler Bileleşigi tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi berlen döwlet biziň Berkarar döwletimiz Türkmenistandyr. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň 2-nji maddasynda hem bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda esas bolup durýandygy barada beýan edilmegi aýratyn mana eýedir. Çünki 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamanyň kabul edilmegi hem Bitaraplyk hukuk derejämize pugta eýerýändigimiziň, dünýäde parahatçylyk söýüji başlangyçlary öňe sürýändigimiziň beýany bol

Arassa suw — ýaşaýşyň gönezligi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesine uly üns berilýär. Häzirki adamzat jemgyýetiniň üns merkezinde ekologik meseleleriň iň wajyp ugurlarynyň biri hem ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekdir. Mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzüniň 70 göterimine golaýy suw bilen örtülendir. Ýöne şonuň diňe 2,5 göterimi süýji suwdur. Süýji suw gorlarynyň aglaba bölegi barmasy kyn daglarda we buzluklarda ýerleşýär. Soňky asyrlarda süýji suwuň sarp edilişiniň, önümçilikde peýdalanylyşynyň artmagy netijesinde onuň çeşmeleri ep-esli kemeldi. Bütin dünýäde arassa suwa we elektrik energiýasyna bolan isleg artýar. Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa sebitlerinde suw baýlyklarynyň gymmaty has-da ýokarydyr. Şoňa görä-de, bu ugurda netijeli çözgütleri gözläp tapmak zerurlygy ör-boýuna galýar. Häzirki döwürde suwy süýjetmek boýunça işjeň hereket edýän ýa-da işlenip düzülmek tapgyryndaky dürli taslamalar bar. Emma olaryň hemmesi diýen ýaly gazylyp alynýan ýangyç — nebit ýa-da gaz peýdalanyp işleýän desgalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.

«Edep bilen bagt tapylar»

Giň mazmuna eýe bolan bu düşünje her birimiziň maşgala durmuşymyz bilen gönüden-göni baglanyşykly bolansoň, bu babatda söhbet açmagy müwessa bildik. Türkmen aganyň edep-terbiýesi hakynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinde çuň mazmunly pikirler beýan edilýär. Meselem, Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda aryf-akyldarymyz Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserine salgylanyp, adamyň ýaşlykdaky edep-terbiýesi bilen bagly borçlary, bu ugurda halk içinde dilden-dile geçip gelýän rowaýatlar, halkymyzyň edep-terbiýe babatda durmuşa ornaşdyran edim-gylymlary hakynda giňişleýin düşünje berýär. «Gözellik barada düýpli söhbet edilse, şonuň hem özeninde ynsaplylyk bar. Biz gözelligi pikir-duýgy jähetden öwrenip, ony edep-terbiýe ulgamynda berkidýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz dünýä gözelliginiň edep-terbiýe bilen baglanyşyklydygyny aýratyn nygtap geçýär.